SIZDEN GELENLER

Köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklary işjeň ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň gatnaşyp, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşiň we sebit howpsuzlygyny üpjün etmegiň uzak möhletli maksatlaryny durmuşa geçirmek işine saldamly goşant goşýar.

Ýakyn goňşular bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistan sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biri bolup durýar. Bu ýurt bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 14-15-nji iýulynda döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasynda bolmagy, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy, ýurdumyzyň Merkezi Aziýada ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklar ugrunda çykyş etmek bilen, sebit hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýulýar. Şol geçen döwrüň içinde Özbegistan Respublikasy ýurdumyzyň iri, ygtybarly hem ynamdar hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Önümçilik pudaklarynda hyzmatdaşlyk, serhetýaka etraplaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak, suw we energetika meseleleri, Aralyň meselelerini çözmekde tagallalaryň birikdirilmegi möhüm hasaplanylýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan — Hytaý ugry boýunça gaz geçiriji taslamasy bar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm strategik ugry hökmünde kesgitlenendir. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny  iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Özbegistan Respublikasy hem Türkmenistan döwletimiz bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gadyr goýýar. Muňa Özbegistanyň Baştutany hökmünde Prezident Şawkat Mirziýoýewiň öz ilkinji döwlet saparyny 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistana amala aşyrandygy aýdyň şaýatlyk edýär.

Umuman, Türkmenistan Özbegistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürýär. 2007-2022-nji ýyllar aralygynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň derejesinde özara saparlaryň 25-si guraldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýady şu günki güne çenli iki döwletiň arasynda gol çekilen 246-dan gowrak döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar bilen berkidildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlary, degişlilikde, Özbegistanyň Buhara we Horezm welaýatlary bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýar. Bu gatnaşyklar, aýratyn-da, oba hojalygy pudagynda işjeň ýola goýulýar. Iki doganlyk ýurduň goňşy welaýatlarynyň arasynda “Lebap — Buhara” we “Daşoguz — Horezm” türkmen-özbek söwda zolaklaryny döretmek meseleleri hem öwrenilýär. Bu hem sebit hyzmatdaşlygyna hem özüniň mynasyp goşandyny goşar.

Gülnur Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi