Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 14-16-njy sentýabr aralygynda Özbegistanda döwlet saparynda bolar. Şol günler Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi resmi sapar bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde Özbegistanda saparda bolar.
Döwlet Baştutanlarynyň saparynyň çäklerinde ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Gepleşikleriň barşynda strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.
Hytaý bilen Özbegistanyň arasynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň hem Özbegistana amala aşyrjak saparynyň çäklerinde birnäçe bilelikdäki resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Özbegistana geljek döwlet ýolbaşçylary Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşarlar. Sammitde 30-dan gowrak resminama gol çekmek göz öňünde tutulypdyr. Hususan-da, ŞHG-a agza ýurtlaryň arasynda 2023-2027-nji ýyllar üçin hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekmek meýilleşdirilýär.
15-16-njy sentýabrda Samarkant şäherinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň baştutanlygynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 22-nji mejlisi geçirilýär. Oňa gurama gaza döwletleriň – Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyz Respublikasy, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistanyň ýolbaşçylary gatnaşar. Şeýle hem sammitde guramanyň synçy döwletleri bolan Belarusyň, Eýranyň we Mongoliýanyň Prezidentleri öz orunlaryny alarlar.
Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Ermenistanyň Prezidentleri bolsa, bu sammitne hormatly myhman hökmünde çagyryldy.
