DÜNÝÄ

Wýetnamyň täze Prezidenti saýlandy

Wýetnamyň Milli geňeşi (parlamenti) ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hödürlän dalaşgär agzasyny tassyklady. Şeýlelikde, şol tassyknama esasynda Wo Wan Thyong ýurduň prezidenti wezipesi üçin kasam kabul etdi.

18-nji ýanwarda Wýetnamyň wise-prezidenti Wo Thi An Suana ýurduň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek ynanylypdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurduň ozalky Prezidenti Nguen Suan Fuk wezipesinden meýletin çekilipdi. Onuň bu haýyşy ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti tarapyndan tassyklanypdy.

Nguen Suan Fuk 2016-2021-nji ýyllarda ýurduň Premýer-ministri bolupdy. 2021-nji ýylyň aprelinde ýurduň Prezidentine saýlanypdy.

Related posts

Gyrgyzystanyň baýdagynyň dizaýny üýtgediler

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistan Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Leave a Comment