JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III onuň Alyjenaby Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýeliwazeta II aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

– Şa zenany Ýelizaweta II häzirki zaman taryhynda ähmiýetli işleri bilen dünýä syýasatynda we jemgyýetçilik durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýet hökmünde tanalýar. Onuň Alyjenabynyň hökümdarlyk eden döwründe parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin amala aşyran ägirt uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda edebi galar – diýlip, gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda, onuň Alyjenaby Karl III we maşgala agzalaryna hem-de Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlygyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Şeýle hem Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri hanym Liz Trassa hem gynanç hatyny iberdi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri