JEMGYÝET

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň barşynda Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine täze ýolbaşçylary belledi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Güýzgeldi Baýjanow başga işe geçmegi sebäpli Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine Durdy Genjiýew bellendi.

Şeýle hem gol çekilen resminamalara laýyklykda, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasarlary hem wezipesinden boşadylyp, täze orunbasarlar bellenildi.

Related posts

Gazak ministri: Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly ösmegine aýratyn üns berilýär

Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Gadyr gijesi mynasybetli günä geçmek