BIZNES

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň eksporty artýar

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly 2021-nji ýylda umumy möçberi 11 million 305,3 müň tonna bolan ýük dolanyşygy amala aşyryldy. turkmenmetbugat.gov.tm web-saýtynda habar berlişine görä, deňiz porty arkaly eksporta iberilen ýükleriň möçberi 6 million 580,3 müň tonna, import ýükleriň möçberi 1 million 211,8 müň tonna, üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi bolsa 353,4 müň tonna deň boldy.

Umumy ýyllyk geçirijilik kuwwaty 17 million tonna barabar bolan Halkara deňiz portunyň bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan duralgalarynyň uzynlygy 1800 metrden geçýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Eýran Yslam Respublikasynyň Enzeli, Russiýanyň Astrahan, Mahaçkala, Azerbaýjanyň Baku, Gazagystanyň Aktau halkara portlaryna ýolagçylary gatnatmagyň, ýük daşamagyň möçberi yzygiderli artýar. Gara deňze, Pars aýlagyna çykalgalary ylalaşmak arkaly Gruziýanyň Poti, Batumi portlaryna, Eýranyň Çabahar deňiz terminallaryna ulag hyzmatlaryny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi