Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli, halk bähbitli syýasatynda ynsan saglygyna, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagyna uly üns berilýär. Olaryň abadan maşgalada sagdyn ulalmagy, terbiýe almagy, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Şeýle işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine ýardam edýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda çagalaryň hukuklary we kanuny bähbitleri goralyp, Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen yzygiderli aragatnaşyk saklady hem-de bu ugurda häzirki wagtda-da giň gerimli işler alnyp barylýar.
Çagalaryň hukuklaryny goramak, olar üçin mynasyp durmuşy üpjün etmek, şeýle hem maşgalany goldamak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde häzirki zaman çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ajaýyp künjekleriň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Gökdere» jülgesinde gurlan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly hem-de manyly geçirýärler. Zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen, her ýylda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» atly bäsleşikler, şeýle-de döredijilik bäsleşikleri ýokary derejede geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, perzentleriň bagtly geljegi üçin döwlet tarapyndan edilýän işler maşgala däp-dessury bilen utgaşyp, ösüp gelýän nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge uly mümkinçilik döredýär.
Çaga terbiýesinde kitaplaryň ähmiýeti juda ýokarydyr. Olara harplary tanap, okamagy öwrenenlerinden soňra terbiýe berijiligi ýokary bolan kitaplary okamaga höwes döretmek hökmandyr. Çaga esasy täsir edýän zatlaryň biri maşgalada gören zatlaryny endik edinip gaýtalamagy bolup durýar. Ene-ata hem bulary göz öňünde tutup, öýde çagany kitaba höweslendirmeli. Ol çaganyň ünsüni özüne çekýär we onda kitaplara bolan gyzyklanmany artdyrmaga ýardam berýär. Şunda halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň ähmiýetini bellemek bolar.
Ertekilerde haýwanlaryň keşpleriniň bolmagy, diliniň sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolýar. Şonuň üçin çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary almak, olary ilki okap bermek, soňra-da onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýar. Çaga ertekileriň üsti bilen, onuň gahrymanlarynda gören ajaýyp keşplerini öwrenmäge we şolara meňzemek maksady bilen, ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämilleşdirmäge çalyşýar.
Mekdebe çenli ýaşly körpeleriň çagalar bagyna gatnaýan döwründe bilim we terbiýe bermek işinde, esasan, çaganyň ownuk beden hereketleri ösdürilýär. Çagada kiçiliginden başlap, gören zadyna gyzyklanma örän güýçli bolýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan olaryň hereketlerini anyk, dogry ýerine ýetirip bilmekde, pikirlenmek ukybyny ýüze çykarmakda, öz-özüne hyzmat etmekleriniň we ýazuw endikleriniň ösmegine getirýär. Ownuk beden hereketlerini ösdürmek çagalaryň başarnygynyň özenidir. Şol nukdaýnazardan, ownuk beden hereketlerini ösdürmek üçin dürli öwrediji oýunlardan peýdalanýarys.
Çagalar bilen geçirilýän her bir okuw-terbiýeçilik çäresiniň mazmuny we tertibi terbiýeçiniň ussatlygy, onuň öňdebaryjy usullary peýdalanmagy, öz işini ýokary derejede guramagy bilen şertlendirilýär.
Körpelere çagalar bagynda galamy tutup bilmek başarnygy öwredilýär, soňra ýaş aýratynlygyna görä, ilki harplary tanap bilmek, soňra bolsa ýazyp bilmek, ýagny ýazuw endigi ösdürilýär.
Bilşimiz ýaly, çaga durmuşyny oýunsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şonuň üçin körpeler bilen guralan sapakda öwrenen zatlarynyň olaryň ýadynda pugta galmagy üçin ony günüň ikinji ýarymynda dürli oýunlar arkaly berkidýäris. Munuň özi çaganyň has-da ýadynda galyjy we gyzykly bolýar. Çagalara sowat öwretmek sapagynda öwrenen harpyny berkitmek maksady bilen, çaga iki sany kagyz berip, olaryň biriniň ýüzünde şol günki öwrenen harpynyň baş harpyny, beýlekisiniň ýüzünde bolsa setir harpyny ýazyp bilmegi öwredip bolýar.
Çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, ruhubelent kemala gelmegi üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan taýsyz tagallalar edilýär. Durmuşa geçirilýän beýik işler çagalaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli nesiller bolup ýetişmeklerini üpjün edýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilimiň ilkinji başlangyç endikleri bilen tanyşýarlar, mekdebe taýýarlyk görýärler. Perzentler adamyň nesil daragtynyň dowamatydyr. Edil şonuň ýaly-da, islendik ýurduň ýagty geljegi we asudalygy onuň ýaş nesline baglydyr.
Gyzylgül Hajybaýewa,
Aşgabat şäheriniñ
1-nji çagalar bakja-bagynyñ terbiýeçisi.
7-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama