Russiýanyň “Spartak” topary döredilmeginiň 100 ýyllygyny belleýän ýylynda ýurduň Kubogyny gazandy. Russiýanyň Kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Spartak” bilen “Dinamo” toparlary duşuşdy.
Duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Spartak” topary 2003-nji ýyldan soňra ilkinji kubogyny gazandy. “Lužniki” stadionynda oýnalan duşuşygy 69 müňden gowrak janköýer tomaşa etdi.
Ýeňiş gazanan toparda Aleksandr Sobolew we Kwinsi Promes tapawutlandy. “Dinamo” toparynyň goluny Arsen Zaharýan öz adyna ýazdyrdy.
“Spartak” topary 4-nji gezek Russiýanyň kubogyny gazandy. Topar ozal, 1994-nji, 1998-nji we 2003-nji ýylda bu kubogy gazandy. Mundan ozal, “Spartak” topary 10 gezek SSSR-iň kubogyny gazanypdy. “Dinamo” topary 6 gezek SSSR-iň we 1 gezek Russiýanyň kubogyny gazandy.

Şu ýylyň 9-njy iýulynda “Spartak” topary bilen “Zenit” topary Russiýanyň Superkubogyny gazanmak üçin bäsleşer.
Russiýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finaly “Lužniki” stadionynda 10-njy gezek geçirildi.
Russiýanyň “Spartak” toparynyň tälimçisi italiýaly Paolo Wanoli karýerasyndaky ilkinji kubogyny gazandy.
“Dinamo” toparynyň nemes tälimçisi Sandro Şwars bolsa bu duşuşykdan soňra tälimçi wezipesinden meýletin gitjekdigini mälim etdi.
