Bu ekinlere ýorunja, klewer we esparset degişlidir. Olar topragy organiki maddalar we azot bilen baýlaşdyrýarlar, topragyň strukturasyny gowulandyrýarlar. Şoňa görä-de bu ekinler gowaça, gök-bakja, mekgejöwen, günebakar we hemme beýleki ekinler űçin örän oňat őňki ekin hasaplanýarlar. Ýorunja köpýyllyk kősűkli otlaryň içinde has giňden ýaýrandyr we Türkmenistanda olardan ýeke-täk ekindir. Ol diňe bir mallar űçin ýokumly ot bolman, eýsem topragy gurplandyryjy serişde hőkműnde uly ähmiýete eýedir. Ol toprakda kőp mukdarda biologiki azot toplamaga ukyplydyr.
Onuň kökünde azody bilen iýmitlendiryän we soňra ony toprak bilen baglanyşdyrýan azot toplaýjy bakteriýalar simbioz ýaşaýarlar. Üç ýyllyk ýorunja sűrülenden soň onuň her bir gektarynda 300-500 kg azot, 16 tonna tőweregi kők agramy we 3 tonna çemeleri orakasty galyndy galýar. Ýorunja dűýp sanynyň gűr bolyandygy we çalt ősyändigi sebäpli ýeriň ýűzűnde doly kőlegedýär we yzgaryň ýeriň ýűzűnden bugarmasyny doly diýen ýaly togtaýar. Netijede aşaky gatlaklardaky duzly suw ýeriň ýűzűne çykyp bilmeýändigi sebäpli şorlaşma prosesi geçip bilmeýär.
Aşakdaky suwlaryň ýorunjanyň űsti arkaly bugarmagy bolsa zeý suwlaryň derejesiniň peselmegine getirýär. Bulardan başga-da ýorunja meýdanlaryň haşal otlardan, kesellerden we zyýankeşlerden saplanmaga ýardam edýär. Şu ýokarda agzalan maglumatlar esasynda ýorunja őzűnden başga hemme ekinler űçin iň oňat őňki ekin hasaplanylýar.
Tumar Toýlyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistanyň Aziýa çempionatyndaky garşydaşlary belli boldy