BIZNES

Birža täzelikleri: BAE-li telekeçiler suwuklandyrylan gaz satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň hem-de Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçilerine “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz ýerlenildi.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine boýalan tüýjümek önümler hem-de portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 203 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, bitumy, binýatlyk ýagy, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 182 million manatdan gowrak boldy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy