SIZDEN GELENLER

Däneçilik hojalygy azyk bolçulygynyň esasydyr

Dünýä ýüzünde azyk üçin ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň jemi gönüşi 15-e golaýdyr. Olaryň ýarysyndan köpüsi (bugdaý, şaly, mekgejöwen, jöwen, dary, arpa, çowdary, süle, greçiha) däneli ekinlere degişlidir.

Dänelik ekinleriň önümlerinden 100-den gowrak önüm öndürilýär. Türkmenistanda un, unaş, köke-süýji önümleri öndürilýär.

Däneçilik pudagynyň ösüşi bir topar zatlara baglydyr. Pudak birnäçe kiçi pudaklaryň ösüşine hem-de ýer-suw, howa şertlerine baglylykda ösýär. Bugdaý gaýtadan işlenilende onuň 1 tonnasydan 750 kg un öndürilýär. Galyndysy kepek bolup, ol maldarçylyk pudagy üçin gymmatly iýmdir.

 Däneçilik pudagynyň şu aşakdaky artykmaçlyklary bar:

  1. Ätiýaçlyk gor hökmünde köp wagytlap bolýar. Bugdaýyň guramaklyk

derejesi 1 ýylyň dowamynda 3%-den ýokary bolmaýar.

  1. Dänelik ekinleri başga bir ýere äkitmeklik amatly bolýar.
  2. Dänelik ekinler ekin dolanyşygynda ulanyp bolýar.

Däne we onuň önümi bolan un – çörek, azyk, süýji-köke, konditer önümlerini öndürýän kärhanalarynyň we senagatyň beýleki pudaklarynyň iň möhüm çig malydyr. Soňky ýyllarda ýurduň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeler netijesinde, hususan hem däneçilik pudagy uly ösüşe eýe boldy.

Türkmenistanda şu aşakdaky dänelik ekinler ekilýär; bugdaý, arpa, süle, mekgejöwen, şaly, sorga (jöwen).

Ylmy edebiýatlarda dänelik ekinlerini iki topara bölýärler:

  1. Azyklyk däne ekinleri – olara bugdaý, şaly, dary, greçka, çowdary.
  2. Mal iýmiti üçin ulanylýan ekinler – arpa, mekgejöwen, mäş.

Dänelik ekinleriň içinde şaly bugdaýdan soň esasy azyklyk ekin bolmak bilen, onuň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegi uly ähmiýete eýedir. Şaly maý aýlary ekilýär. Ol şorlaşan ýerlerde hem gowy ösüp, ýokary hasyl toplaýar. Ýurdumyzda şaly Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýär hem-de ýylyň-ýylyna onuň bol hasyly öndürilýär. Şaly ekiljek meýdanlar ilatly ýerlerden azyndan 3 kilometr, medeni ekinler ekilen ýerden 500 metr daşlykda, ýerasty suwy 3 metrden aşakda bolmaly. Şaly üçin toýunsow, özünde yzgary gowy saklaýan, gurply toprakly ýer amatly hasaplanýar. Şalynyň ýokary we gowy hilli hasylyny almakda ekin dolanyşygynyň ähmiýeti örän uludyr. Şaly ekişini gektara 180-220 kilogram tohum harçlanmak  bilen, 1,5 santimetrden 2 santimetre çenli çuňlukda geçirmeli. Ekişden öň tohum kesellere garşy hödürlenilýän himiki serişdeleriň biri bilen işlenilmeli. Ekiş bilen bilelikde ýa-da onuň öň ýanynda gektara 200 kilogram superfosfat, 100 kilogram hlorly kaliý we 100 kilogram karbamid berilmeli.

Dänelik ekinleri ösdürip ýetişdirmeklik zähmet sygymynyň azlygy we meýdan işlerini mehanizmleşdiriş mümkinçiliginiň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Azyklyk däne öndürilişi iri oba hojalyk kärhanalarynda-da, daýhan hojalyklarynda-da ösýär. Türkmenistanda öndürilen bugdaý ilatyň jan başyna hasaplanylanda unuň hem çörek önümleriniň bolçulygyny döredip we ilatyň olara bolan islegini doly kanagatlandyrýar.

Häzirki döwürde we geljekde hem oba hojalygynyň esasy wezipesi dänäniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmakdan, her bir gektar meýdanyň hasyllygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu wajyp wezipäniň üstünlikli çözgüdi – mehanizasiýany, ýokary hasylly sortlary önümçilige giňden ornaşdyrmak, depgini güýçlendirilen tehnologiýada ekinleri ösdürip ýetişdirmek, dökünleri, suwy, zyýankeşlere garşy göreş çärelerini dogry ulanmak, zähmete hak tölenişini, işi guramagy döwrebap alyp barmagyň esasynda däneçilik hojalyklaryny has-da kuwwatlandyrmak bilen baglydyr.

Näzik Altyýewa, 

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

 

Walentina Matwiýenko Türkmenistana geldi

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat