SIZDEN GELENLER

Ýyndam jandarlar

Ýabany haýwanlaryň köpüsiniň zerurlykduýýan zatlarynyň biri gaty ylga-mak.Olar käwagt gaçmak, kämahal kowmak üçin ylgaýarlar. Ylgamaklaryndaky esasy maksat, ýaşaýşyny dowam etdirmekden ybarat. Eýsem, gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň iň ýyndamy haýsylarka?

Iň ýyndam jandar hasaplanýan geçigaplaňlaryň sagatdaky tizligi 112 kilometre ýetýär. Haýran galdyryjy tarapy pişikler maşgalasyna degişli bolan bu jandaryň şeýle tizlige baryýogy 3 sekuntda ýetmegidir. Ol az wagtyň içinde ýadaýar. Şol sebäpli keýikdir beýleki jandarlara topulan badyna tutup bilmeseler, awyndan umydyny üzmeli bolýarlar.

Bütindünýä tebigaty goramak bileleşigi (IUCN) dünýäniň iň ýyndam jandarlary bolan geçigaplaňlar barada täze hasabat çap etdi. Hasabatda ýüz ýyl içinde geçigaplaňlaryň sanynyň 100 müňden 7000-e çenli azalandygyny aýdylýar. Bu jandarlaryň 93 göterimine bolsa häzirki wagtda ýitip ýok bolmak howpy abanýar.

Geçigaplaňlary goramak maksady bilen 1975-nji ýylda ýörite halkara hukugy çap edildi. Şol hukukda olaryň azalmagynyň öňüni alyp, ýitmegine çäre görmek barada birnäçe meýilnamalar çap edilen.

Soňky ýyllarda geçigaplaňlary köpeltmek maksady bilen ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynyň Smitsonian tebigaty goraýyş biologiýa institutynda bu jandarlary köpeltmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.

Günorta Afrikada ýaşaýan antilopalar maşgalasyna degişli bolan gök gnularyň tizligi sagatda 80 km-e ýetýär. Bu maşgalanyň beý leki wekilleri Tompsonyň keýigi, böküji antilopa hem şeýle tizlik bilen ylgap bilýärler.

Çeňňek şahly antilopalar Demirgazyk Amerikada ýaşaýar. Bu owadan jandarlar sagatda 98 km tizlik bilen ylgap bilýär. Olaryň uzynlygy 130 sm, beýikligi 100 sm we agramy 60 kg töweregi bolup, tebigy şertlerde 57 ýyl ýaşaýarlar. Tokaýyň şasy ýolbarsyň sagatdaky tizligi ortaça 80 kilometre ýetýär.

Goňur meýdan towşanynyň uzyn aýaklary sagatda 77 km tizlik bilen hereket etmegine mümkinçilik berýär. Bu jandarlar Ýewropada we Günbatar Aziýada ýaşaýarlar.

Towşanyň reňki ýaşaýyş şertlerine juda uýgunlaşan bolup, topragyň, Güne ýanyp guran, çalaran ot-çöpleriň reňkine çalymdaşdyr. Ýowşanyň teýinde busup ýatan towşany her bir ýyrtyjy saýgarybam baranok. Ir ertirdir giç agşam, esasan-da, gijelerine otlamagy, aýdylyşy ýaly, ýagydan ýaý boýy saklaýar. Garyň üstünden barýan towşan bir çöpüň düýbüne baraga-da ýatybermeýär. Ýyrtyjylaryň penjesine düşmezlik üçin daňdanyň ümüş-tamşynda ýatmaga ugran towşanlar ýatjak ýerini peýläp, 4-5 gezek ikiýana gatnap, şol ýeri öz aýak yzlaryndan ýaňa torç edensoňlar, iň soňkusyndan göni gündizki ýatýan ýerine böküp düşýärler.

Towşanlaryň ganym duşmany mor tilkileriň tizligi hem bu towşanlaryňky bilen deňeçer. Tilkileriň ýene bir aýratynlygy olar kämahal towşan tutmak üçin, käwagt has uly ýyrtyjy haýwanlardan gaçmak üçin şeýle tizlik bilen hereket etmeli bolýar. Dürli görnüşi bolan keýikleriň tizligi sagatda 75 kilometre barabardyr. Olar özlerinden has ýüwrük bolan duşmanlaryndan sypmak üçin eýläk-beýläk öwrüm etmeli bolýarlar.

Adamyň iň ýakyn dosty bolan atlaryň tizligi sagatda 70 kilometrden geçýär. At eldeki haýwanlaryň iň ýyndamydyr. Aw awlamakda adamyň iň uly kömekçisi bolan tazylaryň tizligi hem atlaryňka barabar. Awstraliýada ýaşaýan täsin jandar bolan kengurular 71 km/s bilen ylgaýarlar. Zebralar sagatda 64 kilometr tizlik bilen ylgaýar. Gaplaňlaryň tizligi hem zebralaryňky bilen deňeçer. Gury ýerde ýaşaýan iň uly jandar bolan pil 40 km/s bilen ylgaýar.

Nurýagdy Aýdogdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

 

 

Haýwanat dünýäsi barada…

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti