SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy: halkara ýörite uçar gatnawy barada

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda halkara ýörite uçar gatnawy barada habar ýerleşdirilipdir.

Şol habardan görnüşi ýaly, türkmen tarapyndan alnan maglumata laýyklykda, ozal 11-nji maýda meýilleşdirilen gatnawyň tehniki sebäplerden amala aşyrylmaýandygy bellenilýär.

11-nji maýdaky uçar gatnawy üçin sanawda orun alan we habarly edilen ýolagçylar awtomatiki ýagdaýda 2022-nji ýylyň 13-nji maýyna geçiriler.

13-nji maýdaky gatnaw üçin sanawa goşulan ýolagçylaryň hem bu gatnawdan peýdalanjakdygy mälim edilýär. 11-nji maýdaky gatnawyň ýatyrylmagy ýolagçylara öz täsirini ýetirmeýär.

Bu gatnaw üçin awiapetekleriň satuwy “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki kassalarynda satylýar. Biletleriň satuwynyň senesi barada goşmaça maglumat berler.

 

 

Täze ugurlar boýunça uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Ýene-de okaň

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy