SPORT

30-njy gezek çempion boldy

Portugaliýanyň “Porto” futbol topary 30-njy gezek ýurduň çempiony boldy. Bu topar myhmançylykda “Benfika” toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, çempionatyň tamamlanmagyna 1 hepde galanda çempionlygyny yglan etdi.

“Porto” 33 duşuşykda 86 utuk toplap, çempionatyň sanawynda ikinji orunda barýan “Sporting” we “Benfika” toparlaryndan arany açmagy başardy.

Şeýlelikde, “Porto” bilen “Sporting” geljek möwsümde Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn duşuşyklaryna gatnaşar.

Portugaliýanyň “Porto” futbol topary 30-njy gezek çempion boldy. Bu ugurda öňdebaryjy “Benfika” topary bolup, bu topar 37 gezek çempion boldy. “Sporting” topary bolsa, 19 gezek ýurduň çempiony bolmagy başardy.

“Porto” futbol topary 22-nji maýda Portugaliýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Tondelo” topary bilen duşuşar.

 

Dünýäniň iň garry grossmeýsteri aradan çykdy

Related posts

Mesut Özil futbol bilen hoşlaşdy

Tokio-2020: 101 ýyldan soňra medalsyz galdylar

Türkmen türgenleri Özbegistandaky çempionata gatnaşar