SIZDEN GELENLER

Gyzyl deňiz hakynda gyzykly maglumatla

Gyzyl deňiz hakynda gyzykly maglumatlar, ummanlar barada has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Onuň suwlarynda köp sanly balyk we deňiz haýwanlary ýaşaýar. 7 ýurduň kenarlaryny ýuwýar.

Geofizikler Gyzyl deňziň ozal pikir edilişinden iki esse gadymydygyny anykladylar. Täze maglumatlar deňiz basseýniniň we Gyzyl deňiz riftiniň tutuş uzynlygy boýunça umman gabygynyň emele gelmeginiň 13 mln ýyl mundan ozal başlandygyny görkezýär. Gözleg işiniň netijeleri “Nature Communications” žurnalynda ýerleşdirildi.

Geologiki nukdaýnazardan, Gyzyl deňiz örän ýaş diýlip hasaplanýardy. Ol Afrika we Arap litosfera plitalarynyň serhedindäki rift zolagynda ýerleşýär. Geologiki modeller wagtyň geçmegi bilen bu plitalaryň bölünip aýrylmagy netijesinde, Gyzyl deňziň ýerinde düzümi we fiziki häsiýetleri bilen kontinental gabykdan tapawutlanýan özboluşly umman gabygy bilen täze bir ummanyň emele geljekdigini görkezýär.

Gyzyl deňiz wulkanly adaty ýaş ummanyň sada geologiki gurluşyne eýe eken. Täze model Gyzyl deňiz basseýniniň jaýryklaryň işjeň ulgamy, suwasty wulkan kraterleri ýaly käbir gurluş aýratynlyklaryny has gowy düşündirmäge, şeýle-de onuň emele gelip başlamagynyň has takyk senesini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Gözlegçileriň pikiriçe, Gyzyl deňiz ýaş däl-de, ýaşy 13 mln ýyl töweregi bolan belli bir derejede ösen umman basseýnidir.

  • Gyzyl deňiz Ýer togalagynyň iň yssy deňzi hasaplanýar.
  • Her ýyl Gyzyl deňziň kenarlary biri-birinden takmynan 1 sm uzaklaşýar, bu tektoniki plitalaryň hereketi bilen baglanyşykly.
  • Gyzyl deňze hiç hili derýa akmaýar.
  • Müsürde bu suw howdanyna “Ýaşyl giňişlik” diýilýär.
  • Gyzyl deňziň we Aden aýlagynyň suwlary dürli dykyzlygy sebäpli birleşýän zonada garyşmaýar.
  • Deňziň meýdany 438,000 km². Şeýle çäk Angliýany, Gresiýany we Horwatiýany bir wagtyň özünde özünde birleşdirip bilýär.
  • Gyzyl deňziň ýer ýüzündäki iň duzly deňizdir. Munuň sebäbi häzirki wagtda Öli deňziň deňze däl-de, köle meňzeýändigi bilen baglanyşyklydyr.
  • Gyzyl deňziň ortaça çuňlugy 490 m, iň çuň nokady 2211 metre ýetýär.
  • Ysraýyllar deňzi “gamyş” ýa-da “kamyşow” diýip atlandyrýarlar.
  • Akulalaryň 12 görnüşi Gyzyl deňziň suwlarynda ýaşaýar.
  • Merjenleriň dürlüligi we deňiz haýwanlarynyň görnüşleriniň sany boýunça Gyzyl deňziň tutuş Demirgazyk ýarym şarda deňsiz-taýsyz suw howdanydyr.

Yhlas Janmyrardow, TOHU-nyñ talyby.

 

Hepdelik täleýnama (1-7-nji maý)

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti