BIZNES

Bäsleşikli söwda: 35 desga hususylaşdyrylar

Ýurdumyzda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň hususylaşdyrylmagy babatdaky işler batly depginlerde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan gurnalýan bäsleşikli söwdalarda dürli desgalar hususylaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi sahypasynda we ýerli metbugatda çap edilen sanawa görä, bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň,  Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenstanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, “Türkmennebit” döwlet konserniň, we Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylýar.

Sanawda desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri, desganyň görnüşi (işiniň ugry, gurlan ýyly), binalaryň meýdany (m²), başlangyç bahasy (manat) we hususylaşdyrmagyň şertleri görkezilendir.

Sanawda başlangyç bahasy iň ýokary bolan desga 19 716 560,00 manatlyk Daşoguz şäheriniň Oguz han köçesiniň 1/1-nji jaýynda ýerleşýän Daşoguz Jemagat abatlaýyş-gurluşyk trestiniň Daşoguz turba zawodydyr.

Şeýle hem sanawdaky başlangyç bahasy iň arzan bolan desga 71 660,40 manatlyk Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetiniň limon ýyladyşhanasydyr.

Bäsleşikli söwdalar 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.

 

 

Ronaldonyň nobatdaky rekordy

Ýene-de okaň

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Daşoguzda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi

Türkmen-awstriýa tegelek stol duşuşygy geçirildi

Mask taryhda ilkinji trillioner boldy

Ata Watan Eserleri