SIZDEN GELENLER

Bedewler – toý-baýramlaryň bezegi

Şu günler tutuş ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Toýdur dabaralaryň bezegi bolan ahalteke bedewlerimiz milli buýsanjymyzdyr.

Ýurdumyzyň ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä tanatmakda “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­na hem uly orun degişlidir.

2007-nji ýyl­da döredilen “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň has kä­mil­leş­me­gi­ne düýp­li go­şant goş­dy. Bu to­pa­ryň ji­git­le­ri­dir gyz­la­ry in­di bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da, şeý­le hem ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler­de, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler­de şow­ly çy­kyş edip, öz­le­ri­niň sah­na us­sat­lyk­la­ry­ny gör­ke­zip, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar.

Soňky ýyllarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary uly üstünlikleri gazandy. Bu toparyň gazanýan üstünlikleri bütin dünýäde türkmen bedewlerine hem-de at çapmagyň milli mekdebine ägirt uly gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasydyr. At üstündäki milli oýunlar mekdebi ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ösdürilmegi netijesinde täze ösüşe eýe boldy.

Hakykatdanda-da, ady rowaýata öwrülen “asman atlary” ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrüldi. Ajaýyp bedewlerimiziň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň, gyzlarymyzyň ussatlygy tomaşyçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary öz üstüne ýüklenen wezipäni abraý bilen ýerine ýetirýär. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dürli ýurtlarda ýerine ýetirýän ajaýyp hereketleri, şeýle hem sirk sungatynyň halkara festiwallaryndaky haýran galdyrýan çykyşlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp taýýarlanan çykyşlarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleriniň we gyzlarynyň örän hüşgärligi, batyrgaýlygy hem-de ezberligi talap edýän inçeden çylşyrymly milli at üstündäki oýunlary tomaşaçylary haýrana goýýar. Sirk çykyşlaryna uýgunlaşan bedewleriň şowhunly çykyşlary üstünliklere beslenýär. Türkmen jigitleriniň at üstündäki batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirýän tilsimleri, sungat derejesine göterilen kämil hereketleri, türkmen gyzlarynyň çykyşlary bilen utgaşyp gidýär. Aýratyn hem jigitler bilen gyzlaryň arasynda körpeje gyzjagazyň çykyşy, onyň at üstünde ezberlik bilen erk edip oturyşy, sirk tomaşalaryndaky çykyşlary has-da şowhunly edýär.

Kerwenmyrat Orazberdiyew, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz