SIZDEN GELENLER

Bedew-türkmeniň milli buýsanjy

At- türkmeniň guwanjy hem ganaty. Türkmen özi üçin bedewi iň ýakyn dosty, syrdaşy hasaplaýar. Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedewler köp asyrdan bäri milletimiziň örän gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ahalteke bedewiniň baýramy uludan toýlanýar. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli her ýylda Döwlet derejesinde sergiler, bäsleşikler gurnalýar.

Şeýle sergileriň biri hem, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Türkmeniň uçar ganaty” ady bilen geçirilýär. Bu döredijilik bäsleşiginde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň arasynda geçirilýär.

Sergidäki döredilen eserlerde şekillendiriş sungatynyň özboluşlylygyny we ýokary çeperçiligini ady dünýä dolan ahalteke bedewleriniň keşbi janlandyrylýar. Bu bäsleşikli sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa we ýaş mugallymlary, zehinli talyplary, şol sanda, ýurdumyzyň welaýatlaryndan ussat suratkeşler we çeper höwesjeňler öz döreden eserleri bilen gatnaşýarlar. Biziň sungat ussatlarymyz hem-de zehinli talyplarymyz bedew atlarymyzy nakgaşlykda, heýkeltaraşlykda, zergärçilikde we amaly-haşam sungatlarymyzda diýseň ajaýyp waspyny ýetirýärler.

Sergide biziň ýokary okuw mekdebimiziň ussat suratkeş mugallymlary Polat Garryýew, Gülara Babaýewa, Aýjemal Çaryýewa, Oguljennet Mollaýewa, Parahat Gapançaýew we başga-da birnäçe ussat suratkeşleriň döreden eserleri sergide aýratyn öz beýanyny tapýar. Şeýle-de, bu sergä şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşleri boýunça hünärlerini açyp görkezýän  çeperçilik akademiýasynyň ýaş nesli, zehinli talyp ýaşlarynyň ýagny, Çynar Kemenowyň “Türkmen bedewi”, Ogultäç Çarkulyýewanyň “Tumar şa”, Ýagşygeldi Berdiýewiň “Buýsançly bedew”, Ahmet Annamyradowyň “Türkmen bedew gözeli”, Gülhumar Hojaýewanyň “Görogly şa dessanyndan” atly işleri bilen öz çeper çözgütleri we kämilligi bilen aýratyn tapawutlanýar.Döredijilik bäsleşiginde türkmen bedewiniň gözelliginiň özboluşly waspy olaryň türkmen halkynyň geçmişinde-de, şu gününde-de, gelejeginde-de aýratyn ornunyň bolandygyna we boljakdygyna güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen ahalteke bedewleriniň sarpasy belentde tutulýar we şol sanda sportuň atly görnüşleri we at münmegiň milli däpleri has-da kämilleşdirilýär. Şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk-de has-da rowaçlyklara beslensin!

Aýgözel Ýazmuradowa,     

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

 Akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary

 kafedrasynyň mugallymy.

Türkmenistan Migrasiýa meseleleri boýunça Global Foruma gatnaşar

 

Ýene-de okaň

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat

Dil – giň dünýägaraýşyň açary