SPORT

Çempionlar ligasy: garaşylmadyk netije

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda garaşylmadyk netije gazanyldy. Ispaniýanyň “Wilýarreal” topary Germaniýanyň, has dogrusy, soňky ýyllaryň güýçli toparlaryndan “Bawariýa” toparyny Çempionlar ligasyndan çykarmagy başardy.

Mälim bolşy ýaly, bu toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşykda “Wilýarreal” topary öz meýdançasynda “Bawariýany” 1:0 hasabynda ýeňipdi. Jogap duşuşygynda bolsa, “Bawariýa” 1:0 hasabynda öňe geçen hem bolsa, “Wilýarreal” 88-nji minutda hasaby deňläp, ýarym finala çykmagy başardy.

“Bawariýa” toparyndan duşuşygyň 52-nji minutynda Lewandowski tapawutlandy. “Wilýarreal” toparyndan bolsa, Samu Çukwueze 88-nji minutda tapawutlandy.

Şeýlelikde, Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde “Wilýarreal” topary garaşylmadyk netijeleri gazanýar. Mundan 16 ýyl ozal, bu topar Çempionlar ligasynda oňat netije görkezipdi. 2005/06 möwsüminde ýarym finala çykypdy.

 

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov