Uly ak akulalar (Carcharodon carcharias) köpden bäri ýalňyz hasaplanýar. Alymlar bu ýyrtyjylary synlap, özbaşdak ýaşaýandyklary we özbaşdak aw edýändikleri barada degişli netijä geldiler.
Ýöne täze maglumatlar akulalaryň dost tapmaga ukyplydygyny görkezdi. Florida halkara uniwersitetiniň hünärmenleri bu açyşy Meksikanyň kenaryndaky alty sany akula yzarlamak arkaly amala aşyrdylar diýip, “Biology Letters” neşiri habar berýär.
Akulalaryň özlerini alyp barşyny we beýleki balyklar bilen gatnaşygyny yzarlamak üçin ýörite bellik edildi. Ylmy derňew üçin maglumatlar dört ýylyň dowamynda ýygnaldy.
Alymlar akulalaryň dürli derejedäki “ýakynlygy” bardygyny bellediler. Şeýlelik bilen, akulanyň biri bary-ýogy 30 sagat bellik bilen aýlandy we bu döwürde özlerine ýakyn suw jandarlary bilen 12 gezek aragatnaşyk saklamagy başardy.
Bu ylmy-barlaglar akulalaryň dürli aw strategiýalaryna eýerýändigini hem açyp görkezdi. Olarň käbir ýalpaklyklarda, käbirleri bolsa, çuň ýerlerde aw awlaýan eken. Käbirleri awyny gündizine, käbirleri gijelerine has işjeň awlapdyr.
Ylmy-barlagyň awtorlary ak akulalaryň ömrüniň henizem az öwrenilýändigini bellediler. Emma maglumatlary gözegçilikde saklamak we ýazga almak üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösdürilmegi ozal näbelli faktlary ýüze çykarmaga kömek edýär.
Ozal, awstraliýaly alymlar geçiren ylmy-barlaglarynda akulalaryň uklaýan görnüşlerini ýüze çykardylar.
Dursun Sabyrowa, TOHU-nyñ talyby.