Oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda alnyp barylýan işler ylymyň önümçiligiň öňdebaryjylarynyň gazananlaryny amala aşyrmagy talap edýär. Gowaça meýdanlarynda pagta hasyly ýygnalandan soň indiki ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin güýz-gyş çäreleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyllylygy bolsa bu çäreleriň öz wagtynda göwnejaý ýerine ýetirilişine köp derejede bagly bolýar. Güýz-gyş döwründe gowaça meýdanlarynda esasan şu aşakdaky agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär: gowaça çöpüni çapmak, sürümden öňki suwaryş, şüdügär sürüm we dökün dökmek.
Şüdügär sürüminiň hili topragyň çyglylygyna baglydyr. Onuň hilini gowulandyrmak üçin geçirilýän möhüm agrotehniki çäreleriň biri sürümden öňki yzgar suwuny tutmakdyr. Pagta ýygymyna girişilenden ol tamamlaýança 2 aý töweregi wagt geçýär we bu döwürde hiç hili suw tutulmandygy sebäpli, toprakdaky yzgaryň mukdary örän azalýar we sürümi kadaly geçirmek üçin ýeterlik bolmaýar. Şu sebäpli bu iş ýerasty suwlarynyň çuň ýerleşen ýerlerinde hökmäny suratda geçirilmelidir. Ýerasty suwlarynyň golaý ýerleşip, topragyň sürüm gatlagynda yzgaryň ýeterlik ýerlerinde bu suwy tutmagyň zerurlygy ýok. Bu iş gowaça ekilen ýerlerde onuň çöpi çapylmazdan öň, beýleki ekinlerden boşan meýdanlarda bolsa olaryň hasyly ýygnalandan soň, köne keşler boýunça her gektara 600 kubmetr kada bilen suw tutulmalydyr.
Pagta hasyly ýygnalyp bolandan haýal etmän gowaça çöpüni çapmaga girişmeli. Gowaça çöpi ýörite maşynlar bilen 10-14 santimetir çuňlukda çapylyp, meýdanlaryň daşyna çykarylýar ýa-da kerçelip pytradylýar. Kerçelip, pytradylan gowaça çöpleri çüräp topragy belli bir derejede organiki maddalar bilen baýlaşdyrýar. Ýöne bu iş süllerme, gommoz ýaly kesellerden arassa bolan meýdanlarda geçirilmelidir. Eger şeýle iş keselleriň bar meýdanlarynda geçirilse ol keselleriň giň ýaýrap, gowaçanyň hasyllylygynyň peselmegine getirýär. Meýdanlar gowaça çöpi bilen bilelikde sürümiň geçirilişine päsgel bermez ýaly iri haşal otlardan hem arassalanmalydyr.
Sürüme girişilmezden ozal meýdanlar bellenen kadalara laýyklykda mineral we organiki dökünler bilen dökünlenmelidir. Şonda gektara 10-12 tonna ders, 400-500 kilogram superfosfat we 90-100 kilogram hlorly kaliý dökünleri berilmelidir hem-de dökün sepijiler bilen meýdanlara gyradeň pytradylmalydyr. 3-4 ýyldan bir gezek getara 30-40 tona ders berilse, gowaçanyň hasyllylygynyň ýylda 10-12 tonna ders berlendäkä garanyňda 10-12 göterim ýokarlanýandygyny geçirilen tejribeler gökezdi.
Bu möhüm çäräni aýny wagtynda, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirlmegiň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi güýzde sürlen ýer bahara çenli oňat dynjyny alýar hem-de güýz-gyş döwründe ýagan ygalyň, gyşyň sowuk howasynyň täsiri bilen toprak doňup çözülýär, onuň strukturasy, suw fiziki häsiýetleri himiki düzümi oňatlaşýar, gurplulygy dikelýär we hasyl berijiligi ýokarlanýar. Şüdügär sürümi organiki we mineral dökünleriň, ösümlik galyndylarynyň, zyýankeşleriň, keselleriň gyşlaýan görnüşleriniň, haşal otlaryň tohumlarynyň topragyň çuň gatlagyna gömülmegini üpjün edýär. Mundan başga-da, öz wagtynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilen şüdügär sürümi topragyň şoruny ýuwmagyň, suwarmagyň, dürli bejergileriň netijeli bolmagyny üpjün edýär hem-de gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Şüdügär sürüminiň netijeli bolmagyna düýpli täsir edýän şertleriň biri hem onyň aýny wagtynda geçirilmegidir. Onuň gijikdirilip geçirilmegi toprakda bolup geçýän peýdaly üýtgeşmeleriň peselmegine getirýar. Ylmy-barlaglaryň we önümçiligiň öňdebaryjylarynyň iş tejribesine görä güýzde şüdügär sürümi geçirilen ýerden alynýan pagta hasyly ýaz sürümi bilen deňeşdireniňde 10-12 göterim ýokary bolýar.
Toprak şertlerine baglylykda şüdügär sürümini dürli çuňlukda geçirmeli. Ol öňden suwarylýan ýerlerde 32-35 santimetr çuňlukda, çemen-batgaly topraklarda bolsa zyýanly duzlaryň ýerleşen gatlagyna baglylykda geçirilmelidir.Täze özleşdirilýän tarp ýerli toprakda ony birden uly çuňlukda geçirmek maslahat berilmeýär. Şeýle toprakda sürüm 22-23 santimetr çuňlukda geçirilýär, ondan soň sürüm ýylda 2-3 santimetr çuňaltmak bilen geçirilýär. Gowaça meýdanynda güýz-gyş çäreleri ýokardaky berilýän maslahatlaryň esasynda ýerine ýetirilse gowaçanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertleri döreder.
Gunça NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.