SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“COVID 19”: çäklendirmeleri gowşadýan ýurtlar

Dünýäde eýýäm 3-nji ýylyna gadam basan koronawirus ýokanjyna garşy göreş dowam edýär. Bu göreşde üstünlik gaznaylmakdan köpçülikleýin sanjymyň ähmiýeti uly boldy. Şol sanjymlardan soňra dünýäniň köp ýurdunda kem-kemden bu wirus sebäpli girizilen çäklendirmeler ýatyrylyp başlandy ýa-da gowşadylýar.

GRESIÝA ÇÄKLENDIRMELERI GOWŞADÝAR

Gresiýada koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen birnäçe sanitar çäklendirmeleri gowşadýar. Ýurtda mekdep gezelençleri täzeden ýola goýulýar, stadionlara gelýän janköýerleriň sany artýar.

Ýurduň saglygy goraýyş ministri Tanos Plewrisiň bellemegine görä, 7-nji fewraldan syýahatçylar üçin “COVID-19” hökmany barlagdna geçmek talaby ýatyryldy.

GERMANIÝA BILEN AWSTRIÝA MARTDAN ESASY ÇÄKLENDIRMELERI ÝATYRMAKÇY

Germaniýada pandemiýa ýagdaýynyň kadalaşmagy bilen, 20-nji martdan başlap, COVID-19 ýaýramagy sebäpli girizilen esasy çäklendirmeler ýatyrylyp bilner.

Birinji tapgyrda, iş duşuşyklaryna gatnaşýanlaryň sanyna bolan çäklendirmeleriň ýatyrylmagy göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bölek satuw dükanlaryna barmak çäklendirmeleri ýatyrylýar. Şol bir wagtyň özünde sebit häkimiýetleri bu çäklendirmeleriň ýatyryljak wagtyny özbaşdak kesgitläp bilerler.

Awstriýanyň hökümeti mart aýynda sosial çäklendirmeleriň köpüsini ýatyrmakçy. Bu barada federal kansler Karl Nehammer belläp geçdi.

5-nji martda Awstriýanyň hökümeti restoranlaryň iş sagady we köpçülikleýin çäreleriň dowamlylyk möhleti barada girizilen çäklendirmeleri ýatyrmakçy. Örtük dakynmak indi hökmany bolmaz. Dükanlar, dermanhanalar, banklar, poçta bölümleri ýaly ýerlerde örtük dakynmak düzgüni öz güýjüni saklap galar. Şeýle-de bolsa, hassahanalarda we garrylar öýlerinde çäklendirmeler dowam eder. Bu töwekgelçilik toparlaryny goramak üçin edilýär.

 

Çempionlar ligasy: “Liwerpul” ýeňilmän gelýär

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy