SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusa garşy mugt sanjym

Ýaponiýada koronawirusa garşy mugt sanjym etmek baradaky kanun kabul edildi. Ýurduň parlamentiniň ýokary palatasy ilatyň koronawirusa garşy mugt sanjym edilmegine mümkinçilik berýän kanunçylyga girizilen üýtgetmeleri tassyklady. Bu barada ýurduň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Kasunobu Kato yzygiderli geçirilýän metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

– Ýaponiýanyň hökümeti bu kanunçylygyň çäklerinde 2021-nji ýylyň ortalaryna çenli ýurduň ähli ilatyny sanjym etmek babatda zerur bolan dozany üpjün eder – diýip, Kato belläp geçdi. Şeýle hem ol bu üýtgetmäniň biragyzdan kabul edilendigini belledi.

Täze kanunçylyga laýyklykda, mugt sanjym etmek bilen bir hatarda bu sanjymyň ýaramaz täsirleri ýüze çykan raýatlaryň lukmançylyk çykdajylaryny hem ýapmak göz öňünde tutulýar.

Ýaponiýanyň hökümeti “AstraZeneca” britan-şwed farmasewtika kompaniýasy, “Pfizer” amerikan kompaniýasy hem-de “Moderna” amerikan biotehnologiýa firmasy bilen koronawirus sanjymyny satyn almak babatda şertnamalar baglaşdy. Şol bir wagtyň özünde Ýaponiýada hem birnäçe sanjymlary işläp düzmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Ýaponiýanyň ilatynyň sany 125 milliondan gowrakdyr.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy