Soňky ýyllarda kosmos bilen baglanyşykly taslamalarda uly öňe gidişlik eden we günbatar garşydaşlaryndan üýtgeşiklik gazanan Hytaý döwleti, emeli günden soň ýeriň emeli hemrasynyň agyrlyk güýjüne öýkünip bilýän “Emeli Aý” gurdy. Nobel baýragynyň eýesi rus fizigi Andra Geimiň işine esaslanan simulýator bilen, astronomlaryň ozal edip bilmejek synaglary indi edilip bilner. Beýleki tarapdan, Hytaý 2030-njy ýyla çenli Russiýa bilen bilelikde Aýyň bazasyny gurmagy maksat edinýär. Emeli Aýyň kömegi bilen taýkonawtlar we kosmonawtlar Aýyň üstünde nädip gurulmalydygyny tejribe alarlar.Hytaýly alymlar geljekde gözleg işlerine taýkonawtlary taýýarlamak üçin Ýeriň emeli hemrasyna meňzeş agyrlyk güýji bilen “emeli Aý” gurdular.
“South China Morning Post” gazetiniň habaryna görä, emeli Aý Hytaýyň Jiangsu welaýatynyň Sýuçhou şäherinde ýerleşýär. Beýleki bir tarapdan, häzirki wagtda ýerdäki pes agyrlyk güýjüni simulirlemek, erkin ýykylýan we soňra howada ýokary çykyp bilýän uçar ulanmagy talap edýär we munuň üçin birnäçe minut gerek. Şeýle-de bolsa, hytaýly alymlar 1,2 inedördül metrlik kiçijik otagdan ybarat täze aý simulýatorynda pes ýa-da nol agyrlyk güýjüniň sazlanylmagyny islän wagtyňyz ulanyp boljakdygyny we sekuntlarda taýýardygyny habar berdiler. Şol bir wagtyň özünde, simulýatorda aýyň ýüzündäki ýaly ýeňil we gaýaly däneli bir ýeriň döredilendigi hem mälim etdiler.
Beýleki tarapdan, Aýdaky agyrlyk güýji ýerdäki altydan bir bölegidir we emeli agyrlyk kamerasynyň içinde topar pes agyrlyk güýjüniň “lewitasiýa effektlerini” simulirlemek üçin güýçli magnit meýdanyny ulanýar. Hytaýyň Magdan we Tehnologiýa Uniwersiteti Başlangyç alymy Li Ruilin: “Täsir synagy ýaly käbir synaglar birnäçe sekunt talap edýär, süýşmek synagy ýaly beýleki synaglar birnäçe gün dowam edip biler. Emeli aý öňem edip bolmaýan işe mümkinçilik döreder “-diýdi.
Magnit meýdanlaryny götermek pikiri 2000-nji ýylda gurbagany uçurmak üçin magnit ulanan rus fizigi Andre Geimden gelip çykypdyr diýip, Ruilin aýtdy. Geim, 2010-njy ýylda uglerod atomynyň grafenini öndürmek boýunça alyp barýan işleri üçin kömekçisi Konstantin Nowoselow bilen fizika boýunça Nobel baýragyny aldy.
Beýleki tarapdan, şu aýyň başynda, “emeli Gün” diýlip atlandyrylýan Hytaýyň Hefei şäherindäki ýadro birleşdiriş reaktory 17 minutdan gowrak wagtlap 70 million dereje işläninden soň täze dünýä rekordyny täzeläpdi. Hünärmenler bu ýagdaýyň dünýäniň arassa geljege bolan gözleginde möhüm öwrülişikdigini aýtdy.