SPORT

Dünýäniň iň baý boksçylary

Angliýanyň “Manchester Evening News” gazeti ähli döwürleriň iň baý boks türgenleriniň ilkinji onlugy barada maglumat berdi. Şol onlukda agyr agramdaky ozalky boks türgenlerden Wladimir Kliçkonyň hem ady bar.

Ukrainaly boksçy sport durmuşynda 58 million funt-sterling gazanyp, sanawda 10-njy orny eýeledi.

Neşiriň maglumatyna görä, iň baý boksçy Floýd Meýwezerdir (400 million funt-sterling). Sanawda ikinji orunda Jorj Forman (222 mln), üçünji orunda Menni Pakýao (163 mln) barýar.

Şeýle hem bu sanawda Oskar De La Hoýýa (148 mln), Saul Alwares (105 mln), Lennoks Lýuis (103 mln), Taýson Fýuri (100 mln), Şugar Reý Leonard (88 mln) we Entoni Joşua (60 mln) orun aldy.

“Manchester Evening News” neşirine görä, ukrainaly boksçy Wladimir Kliçko 6 ýylyň dowamynda 5 çempionlyk guşagyny özünde saklady. Ol öz gazanjynyň uly bölegini Taýson Fýrui we Entoni Joşua bilen geçiren tutluşyklarynda gazandy.

Häzirki wagtda Wladimir Kliçkonyň gaýtadan boks meýdançasyna dolanmagyna garaşylýar. Eger ol dolanan halatynda agyr agramdaky iň ýaşuly dünýä çempiony bolup durýan Jorj Formanyň rekordyny täzeler.

 

 

Dünýäniň iň baý topary ilkinji transferini etdi

Ýene-de okaň

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri