Angliýanyň paýtagty London şäheriniň syýahatçylary özüne iň kän çekýän ýerleriniň biri bolan Big-Ben sagat diňi 4 ýyllyk arakesmeden soňra, baryp görmek üçin gaýtadan açyldy.
Dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Angliýa hem 2022-nji ýyly feýerwerkleriň müň bir dürli öwüşginleriniň gurşawynda garşylady. Täze ýylyň ilkinji jaňy dikeldiş işleri tamamlanan Big-Ben sagat diňinde kakyldy.
Ýeri gelende aýtsak, Angliýadaky Westminster köşgüniň çäginde ýerleşýän we «Elizabetiň diňi» diýlip hem tanalýan meşhur sagatda dikeldiş, abatlaýyş işleri 201-nji ýylda başlapdy.
2022-nji ýyly buşlan ilkinji jaňlaryň kakylmagy Big-Bende bu işleriň agramly böleginiň tamamlanandygyny buşlady. Şeýle-de bolsa, işler häli-häzir hem käbir bölümlerde dowam edýär. Olar hem ýylyň ortalaryna çenli doly tamamlanar.
Big-Ben sagat diňiniň 1959-njy ýylda gurlandygyny belki-de bilýänsiňiz. Ony gurmakdan esasy maksat dünýädäki iň dogry sagady bina etmek bolupdy. Wagtyň geçmegi bilen, Big-Ben London şäheriniň esasy syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrüldi.
3-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama