BIZNES

Russiýadan Mongoliýa tebigy gaz geçirijisi çekiler

Russiýadan Hytaýyň üsti bilen Mongoliýa tebigy gaz geçirijisiniň tehniki-ykdysady esasnamasy ýakyn hepdelerde taýýar bolar. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuh bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mongoliýanyň Prezidenti Russiýada saparda boldy. Şol duşuşykda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda, hususan-da, ýangyç-energetika ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Wladimir Putin Russiýadan Hytaýyň üsti bilen Mongoliýa üstaşyr tebigy gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy işlenip düzülýändigini, bu taslamanyň üstünlikli hereket edýändigini, şeýle hem onuň “Sili Sibir-2” gaz geçiriji taslamasynyň dowamy bolup biljekdigini belledi.

Rus Prezidenti gaz geçirijisiniň makul ugrunyň kesgitlenendigini, uzynlygy we beýleki parametleri babatda hem görkezijileriň hasaplanandygyny belläp, ýakyn wagtda taslamanyň tehniki-ykdysady esasnamasynyň taýýar boljakdygy aýtdy.

“Soýuz Wostok” gaz geçirijisi Mongoliýadan geçip, “Sili Sibir-2” gaz geçirijisiniň dowamy bolar.

“Sili Sibir-2” gaz geçirijisi “Sili Sibir” gaz geçirijisiniň kuwwatyndan has köp bolar. Täze gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2024-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär.

“Gazprom” bilen Mongoliýanyň arasynda 2019-njy ýylyň 5-nji dekabrynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnama rus tebigy gazynyň Hytaýyň üsti bilen Mongoliýa iberilmegi göz öňünde tutýar.

 

Baýden täzeden prezident bolmakçy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň işi döwrebaplaşdyrylýar

Azerbaýjandan Pars aýlagyna çenli demirýoly gurlar

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi