Ady rowaýata öwrülen Habbl teleskopundan hem güýçli boljak Jeýms Web älem teleskopy özüni giňişlige alyp gitjek älem gämisine berkidildi. Onuň bilen älemi ýagtyldan ilkinji ýyldyzlary görmek meýilleşdirilýär.Teleskopyň agramy 6 tonna ýetýär. Ony älem gämisinde saklamaga lazer şöhleleri ýardam berer. Bu teleskopy gurmak üçin ABŞ-nyň 10 milliard dollary sarp edildi. Şeýlelikde, teleskop ylym üçin sarp edilen iň kän çykdajy bilen bagly rekordy öz adyna geçirdi.Teleskop äpet aýnasy we döwrebap enjamlaşdyrylyşy bilen, mundan 13,5 milliard ýyl ozal emele gelen ýyldyzlaryň yşygyny görmäge çalşar. Başga planetalarda ýaşaýyşyň yzyny tapmak üçin atmosfera gatlagyny gözlemek hem teleskopyň wezipeleriniň hataryna girýär.Teleskopyň älem giňişligine 22-nji dekabrda çykarylmasy meýilleşdirilýärdi, ýöne älem gämisini uçurmak işleri 24-nji dekabra çenli dowam etjege meňzeýär.Jeýms Web älem teleskopy NASA degişli taslamadyr, ýöne ony älem giňişligine çykarmagy Ýewropanyň Älem agentligi (ESA) bilen Kanadanyň Älem agentligi (CSA) öz üstüne aldy. ESA bu wezipäni amala aşyrmak üçin «Ariane-5» älem gämisinden peýdalanar. Ol Fransiýa degişli Kourou stansiýasyndan uçurylar.Jeýms Web teleskopynyň ini 10,6, boýy 4,5 metre ýetýär. Bu bolsa älem gämisinde 15-20 santimetrlik boşlogyň galjakdygyny görkezýär. Uçuş döwründäki titreme sebäpli bu aralyk 9 santimetre çenli azalar.Älem gämisi teleskopy dünýäden 1,5 million kilometr uzaklyga çykarar. Bu aralykda äleme gözegçilik stansiýasy ýerleşýär. Munuň üçin älem gämisiniň bir aý çemesi uçmagyna garaşylýar.Jeýms Web älemde bolup geçen uly partlamadan soň dörän ilkinji barlyklaryň şekilini surata düşürmäge çalşar. Olar ilkinji galaktikalary emele getiren ýyldyzlardyr.Oksford uniwersitetiniň professory Endi Banker ilkinji ýyldyzlaryň gara deşiklere öwrülip, parçalanan bolmak ähtimallygyny hem öňe sürýär.