Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda şu gün biziň ildeşimiz Seýitjan Mirzaýew çykyş eder. Ol 61 kilograma çenli agram derejesiniň «A» toparçasyna wekilçilik edýär. Bu toparçanyň ýaryşlary Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19-da başlanar.
Daşkent ― Seýitjanyň söýgüli şäheri
Daşkent şäheri Seýitjana üstünlik bagyşlaýar. Ol geçen ýyl bu şäherde geçirilen halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Şu ýyl bolsa bu şäherde geçirilen Aziýa çempinatynda ştangany silterläp götermek boýunça kümüş medala mynasyp boldy.
Şeýle hem Seýitjan Mirzaýew 2019-njy ýylda Kataryň kubogyny almak ugrundaky 6-njy halkara ýaryşynda 270 kilogram agramy göterip, kümüş medala mynasyp bolupdy. Şonuň ýaly-da ol 2019-njy ýylda Türkiýede Naim Süleýmanoglunyň ýadygärligine bagyşlanan halkara ýaryşynda kümüş, dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşda bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Medal gazanmaga nähili mümkiniligi bar?
27 ýaşly agyr atletikaçynyň şahsy rekordy 292 kilograma deň. Ol bu babatda şu ýaryşdaky bäsdeşleriniň arasynda diňe koreýaly Rok Şinden yza galýar. Koreýaly türgen mundan ozal 300 kilogramlyk netijä ýetip bilipdi.
Şahsy rekordlara seredilende, Seýitjanyň bu gün medal gazanmak mümkinçiligi ýokary. Galanyny hem agşam 19-da başlanjak ýaryş görkezer.
Seýitjanyň bäsdeşleri kimler?
«B» toparça
- Inemo Appah, doglan wagty:11.05.1999, döwleti: Nigeriýa. Şahsy rekordy: 255 kg.
- JAYASOORIYA Arachchilage Chathurange Lak, doglan wagty:10.07.1988, döwleti: Şri-Lanka. Şahsy rekordy: 260 kg.
- CENIZA John Fabuar, doglan wagty:02.07.1998, döwleti: Filippinler. Şahsy rekordy: 260 kg.
- GHANI Abubakar, doglan wagty:02.11.2004, döwleti: Pakistan. Şahsy rekordy: 260 kg.
«A» toparça
- MOTOKI Kazuma, doglan wagty: 08.03.1994, döwleti: Ýaponiýa. Şahsy rekordy: 285 kg.
- ALSALEEM Seraj Abdulrahim M, doglan wagty: 02.10.1996, döwleti: Saud Arabystany. Şahsy rekordy: 290 kg.
- SAENGMA Pasit, doglan wagty: 17.10.2002, döwleti: Tailand. Şahsy rekordy: 275 kg.
- FAATHIR Muhammad, doglan wagty: 21.05.2003, döwleti: Indoneziýa. Şahsy rekordy: 271 kg.
- SHIN Rok, doglan wagty: 07.08.2002, döwleti: Koreýa Respiblikasy. Şahsy rekordy: 300 kg.
- SHAMILISHVILI Ramini, doglan wagty: 05.11.1994, döwleti: Gruziýa. Şahsy rekordy: 275 kg.
- DON Karolislage Thilanka Kumara Palangas, doglan wagty: 26.10.1993, döwleti: Şri-Lanka. Şahsy rekordy: 277 kg.
- DE LAS Salas De La Rosa Habib, doglan wagty: 19.04.1987, döwleti: Kolumbiýa. Şahsy rekordy: 285 kg.
- MISHVELIDZE Shota, doglan wagty: 18.10.1994, döwleti: Gruziýa. Şahsy rekordy: 288 kg.
- MUHAMAD Aznil Bin Bidin, doglan wagty: 06.04.1994, döwleti: Malaýziýa. Şahsy rekordy: 285 kg.
15. GURURAJA, doglan wagty: 15.08.1992, döwleti: Hindistan. Şahsy rekordy: 275 kg.
Bägül Berdiýewa dünýä çempionatyndaky çykyşyny ýedinji orunda tamamlady