SIZDEN GELENLER

Halkara çydamlylyk güni

1995-nji ýylyň 6-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň agza döwletleri çydamlylyk ýörelgeleri hakynda jarnamasyny kabul etdi. BMG-niň Baş Assambleýasy 1996-njy ýylda agza döwletleri her ýyl 16-njy noýabrda bilim edaralaryna we giň halk köpçüligine gönükdirilen Halkara çydamlylyk gününi bellemäge çagyrdy.Çydamlylyk ýörelgeleriniň jarnamasynda ähli adamlaryň tebigat taýdan tapawutlydygy, ýöne mertebesi we hukuklary babatda deňdigi aýdylýar. Resminama laýyklykda, çydamlylyk – dünýä medeniýetleriniň baý dürlüligine, özüňi beýan etmegiň görnüşlerine we adam şahsyýetini görkezmegiň usullaryna hormat goýmagy, kabul etmegi we dogry düşünmegi aňladýar. Döwlet derejesinde çydamlylyk adalatly we bitarap kanunçylygy, kanunyň hökmürowanlygyny, degişli amallary we dolandyryşy talap edýär.

Çydamlylyk, her kime diskriminasiýa bolmazdan ykdysady we sosial ösüş üçin mümkinçilikler bermelidini aňladýar. Çydamsyzlyga garşy göreşde kanunlar zerur, ýöne käbir ýagdaýlarda ýeterlik däl. Şonuň üçin hem çydamsyzlygyň öňüni almagyň iň täsirli serişdesi, beýannama laýyklykda adamlara bu hukuklaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek we başgalaryň hukuklaryny goramak islegini höweslendirmek bilen umumy hukuklarynyň we azatlyklarynyň nämedigini öwretmekden başlanýan bilimdir.

Gyzlargül Annagurdowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

 

Türkmenabatdan Moskwa nobatdaky ýörite uçar gatnawy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi