Amerikanyň metbugatynyň habaryna görä, Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri (CDC) tarapyndan 5-11 ýaşly çagalara “Pfizer” koronawirus sanjymynyň ulanylmagy resmi taýdan tassyklandy.
Bu edaranyň ýolbaşçysy Roşel Walenski 5-11 ýaş aralygyndaky çagalar üçin “COVID-19” sanjymyň edilmegine degişli teklibe resmi taýdan gol çekdi.
5-11 ýaş aralygyndaky çagalara koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilmegi 2021-nji ýylyň noýabry bilen 2022-nji ýylyň marty aralygynda ABŞ-da koronawirus ýokanjynyň ýokuşmek derejesini 8 göterim azaltmaga mümkinçilik berer. Sanjymlar 10 mkg möçberinde 2 gezek amala aşyrylar. Bu doza möçberi 12 ýaşdan uly ýaşly adamlara edilen sanjymyň üçden birini emele getirýär.
Çagalar sanjym 3 hepde aralykda urlar. Çagalar sanjymlar dürli gaplarda we ýörite çagalar üçin niýetlenen iňňeler arkaly ýerine ýetiriler.
Lukman alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, sanjym edilen döwründe ýürek miokardasynyň emele gelmek töwekgelçiliginiň ýüze çykmajakdygyny belleýärler.
Mundan ozal, ABŞ-nyň Azyk harytlarynyň we derman serişdeleriniň hiline gözekçilik edýän müdirligi (FDA) hem 5-11 ýaş aralygyndaky çagalara koronawirus ýokanjyna garşy “Pfizer” sanjymynyň edilmegini makullapdy.
«Transneft»:Türkmenistandan 1,5 mln tonnadan gowrak nebit iberildi