JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Müsüre resmi sapara çagyryldy

Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al Sisiden hormatly Prezidentime gutlag haty gelip gowuşdy. Müsüriň döwlet Baştutany öz gutlag hatynda milli Liderimizi Müsür Arap Respublikasyna resmi sapara çagyrdy.

Şol hatda hususan-da şeýle diýilýär:

– Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaýaryn! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda dostlukly ýurduňyza mundan beýläk-de rowaçlyk we öňegidişlik arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, biziň halklarymyzyň bähbitlerine dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Siziň Alyhezretiňizi Kair şäherine sapar bilen gelmäge çagyrmagy özüme mertebe hasaplaýaryn.

Size sarpa goýýandygymy beýan etmek bilen, Müsür Arap Respublikasynda Siziň bilen duşuşmaga umyt edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

 

“Guess” markasynyň taryhy

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Atavatan’i Twitter’den Takip Edin!

vepa

Awazadaky foruma dünýä ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşar

Ata Watan Eserleri