Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen, Türkmenistanyň halkynyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketlerine sazlaşykly utgaşýar. Hut şonuň üçin hem, hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda ägirt uly döredijilikli güýje eýedir. Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde BMG-niň agzalygyna kabul edilipdi. Onuň yzysüre, ýagny, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy kararnamasy bilen BMG-niň şol wagtdaky agzalary bolan 185 döwletiň goldamagynda, Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berilipdi. Şeýlelik bilen, Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan resmi ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Bu uly we öňdengörüjilikli syýasatdyr we türkmen halkynyň kalbyna laýyk gelýän ýörelgedir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän paýhasly ýörelgeleriniň, asylly gymmatlyklarynyň hem-de ynsanperwerliginiň dabaralanmasydyr.
Halkara ykdysady, syýasy, medeni, ylmy gatnaşyklary ulgamynda Türkmenistan ozal baglaşylan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklaryň ählisi boýunça öz borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Hakykatdan hem, häzirki döwürde Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meýilnamasyna täzeçe çemeleşmek meýillerinden ugur alyp, dünýäde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilýän täze başlangyçlar, durmuşa geçirýär. Ägirt uly özgertmelerimiz Türkmenistany halkara jemgyýetçiliginiň öňünde aýratyn üns berilýän merkeze öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda ýöredýän adalatly syýasaty täze badalgalara, belentliklere giň ýol açýar.
2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählihalk tarapyndan biragyzdan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen ýurdumyzyň taryhynda täze eýýam başlandy. Ynsanperwerligi, dost-doganlygy, parahatçylygy baş şygar edinen bu döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan milli Liderimiziň başda durmagynda “Açyk gapylar” syýasaty dowam edip, dünýä halkaryna dostluk goluny uzatdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen 2007-nji ýyldan başlap Türkmenistan sebit boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň merkezi Aşgabatda döredilmegi hem uly syýasy waka boldy.
Asuda, abadan ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek – birege düşünişmegiň tarapdarydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda asudalygy hem-de parahatçylygy dörediji, goraýjy ýurt hökmünde özüni dünýä äşgär etdi. Baky Bitaraplyk derejesine eýe bolan eziz Türkmenistan Watanymyz tutuş dünýäde we sebitde parahatçylygy gorap saklamakda uly abraýdan peýdalanýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň möçberli durmuş – ykdysady medeni özgertmeleri, milli medeniýetimiziň täzeden ösmegine, türkmen halkynyň taryhyny we ruhy mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek işiniň güýçlendirilmegine we bu ulgamda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirilmegine ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ata Watanymyzyň şöhraty, ygtybarlygy barha belende galýar. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde umumyadamzat bähbitlerini ileri tutýan sebitiň hem möhüm meseleleri teklip etmekde we olaryň oňyn çözgütleriniň tapylmagynda we gazanylmagynda aýratyn işjeňlik görkezýär.
Umuman, demokratik, hukuk, dünýewi we Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistan taryh üçin juda gysga wagtyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, döwletara we halkara gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, hemişe deňagramlylygy saklap, köpugurly halkara gatnaşyklaryň ähli çygyrlarynda özüne mynasyp orny eýelemegiň hötdesinden geldi.
Bostan Çakanowa,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.