MEDENIÝET

Durmuşda nämeleri ýitirýäris?

Ýanwar aýynyň sowuk bir gününde, Waşingtonyň metro bekedinde bir adam egilip, skripka çalmaga başlaýar. Ol adam 45 minutda dünýä belli kompozitor Bahyň eserlerinden 6-syny çalýar. Säher bilen 1100 töweregi adam menziliň hyzmatyndan peýdalanýar. Üç minut geçýär we orta ýaşly bir adam sazandanyň skripka çalýandygyny görýär. Ol haýallap, birnäçe sekunt saklanýar we soň etjek işlerinden yzda galmazlyk üçin howlugyp ýöräp başlaýar.

Bir minutdan soň skripkaçy ilkinji dollaryny alýar. Bir aýal puly skripkaçynyň öňüne zyňýar we saklanmazdan ýoluny dowam etdirýär.

Birnäçe minutdan kimdir biri sazy diňlemek üçin diwara ýaplanýar, soň sagadyna seredip ýene ýöräp başlaýar. Elbetde, bu adam işine gijä galandyr. Iň köp üns beren adam üç ýaşly çaga bolýar. Ejesi gyssanyp durka, saklanýar we sazanda seredýär. Ahyrynda eje çagany gatyrak çekýär we çaga yzygiderli yzyna seredip ýöremäge başlaýar. Bu waka başga-da köp çagalar tarapyndan gaýtalanýar, emma ähli ene-atalar çagalaryny ýöremäge mejbur edýärler.

Skripkaçynyň 45 minutlyk çykyşynda bary-ýogy 6 sany adam durup, birnäçe salym sazy diňleýär. 20 sany adam oňa pul berýär, soň adaty ýöremegi dowam etdirýärler. Skripkaçy jemi 32 dollar ýygnaýar.

Tomaşa gutaryp, ümsümlik höküm sürýär. Hiç kim el çarpmaýar we sazandany tanamaýar. Hiç kim dünýäde 3,5 million dollarlyk skripka bilen sazlary ýerine ýetiren dünýä belli sazanda Joşua Belldigini tanamady.

Ýöne, bu wakadan iki gün öň ortaça bahasy 100 dollar bolan konsert üçin aýdym-saz muşdaklary bileti satyn almak üçin bäsleşipdi.

Bu hakyky waka. “Washington Post” tarapyndan Joşua Belliň metro bekedindäki konserti adamlaryň ileri tutýan ugurlaryny öz içine alýan jemgyýetçilik pikir soraşmasynyň bir bölegi hökmünde gurnaldy.

Gysgaça aýdanymyzda: Umumy gurşawda, gözelligi amatsyz wagtda duýup bilerismi? Biz durup, oňa baha berýärismi?

Bir zehini garaşylmadyk ýagdaýda suratlandyryp bilerismi?

Bu gözlegiň mümkin netijelerinden biri:

Dünýäniň iň meşhur sazandalarynyň biriniň şu wagta çenli ýazylan iň gowy eserleriň birini çalýan sazyny diňlemäge pursatymyz bolmasa, durmuşda başga nämeleri ýitirýäris?

(internet materiallary esasynda taýýarlandy).

Türkmenabatdan Moskwa nobatdaky ýörite uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar