MEDENIÝET

Magtymgula bagyşlanan dokumental film gyrgyz teleýaýlymlarynda görkeziler

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemeginiň çäklerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dokumental filmleriň tapgyryny surata düşürmek boýunça ençeme işleri amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde bu birleşik tarapyndan Gyrgyzystanda «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental film surata düşürildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

2024-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda gyrgyz dilinde ses berilen bu film Gyrgyz Respublikasynyň «Тв-15», «Регион», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» we «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkezilýär.

Beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi baradaky dokumental film gymmatly maglumatlary, taryhy faktlary we gyrgyz ylmy intelligensiýasy bilen geçirilen söhbetdeşlikleri öz içine alýar.

Related posts

Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa «Hazar möwsümleri» festiwalynyň açylyşynda çykyş etdi

“Hollywood”-yň meşhur ýyldyzy barada film surata düşüriler

Gözel Şagulyýewa 86 ýaşady: ylhamy ganatly, galamy batly