SPORT

Norwegiýada dünýä çempionaty  başlandy

2-nji oktýabrda Norwegiýanyň Oslo şäherinde erkin, grek-rim we aýallar göreşi boýunça ulularyň arasyndaky nobatdaky dünýä çempionaty başlandy. “Wrestling” sahypasynyň habaryna görä, dünýäniň 50-ä ýakyn döwetiniň sportçulary dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Oslo şäherine ýetip geldi.

Çempionatyň düzgünlerine laýyklykda, häzirki wagtda erkin göreşijiler 61, 74, 86, 125 kilogram agram derejesinde ýarym finala çenli bolan bäsleşikleri geçirerler. Çempionatyň açylyş dabarasy şu gün günüň ikinji ýarymynda geçiriler. Çempionatyň maksatnamasyna laýyklykda, 2 ― 5-nji oktýabrda erkin göreşçiler arasynda dünýä birinjiligindäki ýeňijiler we baýrak alanlar saýlansa, 4-7-nji oktýabrda aýallar göreşi we 7-10-njy oktýabr aralygynda grek-rim göreşijileri saýlanar.

Dünýä çempionatynda medallaryň 30 (her ugurdan 10) toplumy üçin ýaryşlar geçiriler.

Paragwaý gurakçylyga sezewar boldy

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar