Emeli aň işiň her bir pudagynyň, hususan-da žurnalistika hünäriniň döwrebap derejede pajarlap ösmegine diýseň oňyn goşant goşdy. Emeli aňyň bu oňyn goşandynyň netijesinde häzirkizaman žurnalistika ylmynda «Maglumatlar žurnalistikasy» ugry döredi.
«Maglumatlar žurnalistikasy» ugry – žurnalistleriň elini emeli aň gurallary bilen güýçlendirýän we günsaýyn ösýän ugurdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, sanly tehnologiýalar bilen günsaýyn özgerýän häzirkizaman dünýäsinde «Maglumatlar žurnalistikasynyň» ähmiýeti örän möhümdir. Çünki, žurnalistika ylmynyň «Maglumatlar žurnalistikasy» ugry žurnalistlere sanly enjamlary öwredýär we diňe emeli aňyň esasynda ýetip boljak örän uly maglumatlar bazasy barada düşünje we çuňňur bilim berýär. Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenilen Durnukly ösüş maksatlaryna – 17 sany global maksadyna ýetmeklikde sanlaşdyrma syýasaty esasy orny eýeleýär. Adaty žurnalistika düşünjelerinden daşlaşýan žurnalistika hünäri sanlaşdyrma döwründe emeli aňyň berýän nygmatlaryndan has köp peýdalanýar. Çünki, žurnalistleriň habar ýazanda ulanýan sanly programmalary emeli aňyň esasynda döredilýär. Halkara köpçülikleýin habar beriş guramalarynyň köpüsi, şol sanda «Reuters», «Associated Press», «BBC», «The Washington Post» we «The New York Times» gazetleri eýýäm emeli aň üçin býudjet bölüp berip, habar otaglarynda habarçylaryň iş ýüküni ýeňilleşdirjek tejribeleri durmuşa geçirip başladylar. «Reuters» gazeti habar beriş ulgamynda emeli aň programmalaryny ulanýar. Bu gazetiň redaksiýasynda, esasan ykdysady täzelikleri ýazmaklyk prosesinde ulanylýan «Lynx Insight» atly programma žurnalistlere täzelik tekliplerini hödürleýär we habar üçin birnäçe sözlemi ýazyp berýär. «Reuters» gazetiniň emeli aň programmalaryny ulanmaklykdaky esasy maksady habar ýazmak prosesini robotlaşdyrmak däl-de, eýsem, çäkli wagtyň içinde baý many-mazmunly köp täzeligiň çykarylmagy babatda žurnalistlere kömek edip, olaryň iş ýüküni ýeňletmeklikden ybaratdyr. Her bir žurnaliste bir ýa-da birnäçe žurnalist bilen köp maglumatlary seljermek we derňemek gaty kyn düşýär. Ýöne, emeli aň programmalary bilen birnäçe millisekuntda millionlarça, hatda milliardlarça maglumatlary seljermek we anomaliýalary (anomoliýa – nädogrulyk, kadadan çykma) görmek bolýar. Emeli aň programmalary žurnalistler üçin diňe bir metbugatda däl, eýsem wizual metbugatda-da örän peýdalydyr. Emeli aň programmalary mukdar taýdan žurnalistleriň iş ýüklerini azaldýan hem bolsa, etiki žurnalistika, giňişleýin habar beriş, elýeterli maglumatlary we täzelikleri düşündirmeklik ýaly meseleler henizem adamzat meselesidir. Aslynda, emeli aň adamyň gözünden gaçyp biljek jikme-jik maglumatlary derrew ýüze çykaryp bilýär. Şeýle bolansoň, dünýäniň esasy habar gulluklary we gazetleri «Emeli aň we maglumatlar žurnalistikasy» atly ylmy bölümlerini döredip, hünärmenleri toplap başladylar. Dünýäniň esasy habar gulluklarynyň we gazetleriniň «Emeli aň we maglumatlar žurnalistikasy» atly ylmy bölümleriniň hünärmenleri tarapyndan döredilen emeli aň algoritmleri dünýä metbugatyny, sosial ulgamy we iri kompaniýalaryň web sahypalaryny sekuntda yzarlamaga we gyzykly hasap edilen mowzuklary derrew habarlaşyp neşir etmäge mümkinçilik berýär. Bu emeli aň algoritmleri sosial ulgam gurşawynda paýlaşylan galp täzelikleri tapyp, habar portallaryndan düýbünden ýok mümkinçiligine-de eýedir. Bütindünýä sebitinde emeli aň başlangyjyny öňe süren ilkinji hususy kärhana – «Diffbot» kompaniýasy galp habarlary ýüze çykarmaklyk üçin Ýewropa žurnalistika merkezi bilen resmi hyzmatdaşlygy yglan etdi. Kaliforniýada ýerleşýän «Diffbot» şereketi Ýewropa žurnalistika merkezi bilen hyzmatdaşlykda Maglumatlar žurnalistikasy pudagyny ösdürýär we şol bir wagtyň özünde galp habarlary ýüze çykarmaklygy we olaryň öňüni almaklygy maksat edinýär.+ «Diffbot» kompaniýasynyň, «Microsoft» we «Google» şereketlerinden soň «Maglumatlar» grafigini döretmeklik üçin interneti gözden geçiren ABŞ kompaniýasydygy aýdylýar.«Diffbot» şereketi «Deep Learning» we «Computer vision» kompaniýalary bilen tebigy dilleri gaýtadan işlemegiň emelini ulanyp, «Maglumatlar» grafigini döretdi. «Maglumatlar» grafigi emeli aň toparlaryna makro masştabdaky wakalara düşünmäge we adamlar, ýerler, guramalar, makalalar, önümler we internetdäki jedelli meseleler baradaky habarlary we maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Ýewropa žurnalistika merkezi tarapyndan bütin dünýädäki maglumat žurnalistleri üçin «Maglumat žurnalistikasy» platformasy döredildi. Bu platforma bütin dünýä žurnalistlerini çeşmeler, materiallar, onlaýn kurslar we jemgyýetçilik forumlary bilen üpjün edýär. Ýewropa žurnalistika merkezi 1 trilliondan gowrak faktiki maglumaty bolan «Maglumat žurnalistikasy» platformasyna we 9000 žurnalistiň 10 milliard çemesi maglumatlar bazasy bolan «Maglumatlar» grafigine mugt girmeklige mümkinçilik berýär.«Diffbot» şereketi hem-de Ýewropa žurnalistika merkezi tarapyndan emeli aňyň esasynda döredilen bu platformalar bütindünýä sebitinde halkara žurnalistika ylmynynyň pajarlap ösmegi üçin diýseň uly goşantdyr.
Gülşat Ahunowa, Halkara ynsanperwer
ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyllyk talyby.