Blokçeýn (ing. blockchain ýa-da block chain) — içinde maglumatlary saklaýan we dürli kompýuterde ýerleşip biri birine bagly bolmaýan, bellenen kadalara görä yzygiderli üznüksiz ýagdaýda gurulan bloklaryň zynjyr görnüşi.
Sanly ykdysadyýet – sanly informasion-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmaga esaslanan ykdysady, sosial we medeni gatnaşyklaryň gurluşy (sistemasy).
Sanly maliýe aktiwy (SMA) – şifrleýji (kriptografiki) usullary ulanmak üçin döredilen elektron görnüşindäki emläk. Bu emläge eýeçilik hukugynyň barlagy şifrleýji ýazgylaryň sanly reýestr tranzaksiýalaryna girizilmegi bilen amala aşyrylýar. Sanly maliýe aktiwlerine kriptopul birligi we tokenler degişli.
Sanly tranzaksiýa – döredişe gönükdirilen hereket we hereketleriň yzygiderligi, çykarma, sanly maliýe aktiwleriň aýlanyşygy.
Sanly ýazgy – sanly tranzaksiýalar reýestrinde bellige alynan sanly maliýe aktiwleri barada maglumat.
Sanly tranzaksiýalar reýestri – belli bir wagtda formirlenýän sistemleşdirilen sanly ýazgylaryň bazasy.
Sanly tranzaksiýalarynyň paýlanan reýestri – reýestriň ähli ulanyjylarynda birmeňzeşligi üpjün edýän, göterijilerde we reýestriň ähli gatnaşyjylarynda görkezilen algoritmler esasynda, saklanýan we bir wagtda döräp, täzelenýän sistemleşdirilen sanly tranzaksiýalaryň bazasy.
Sanly tranzaksiýa reýestriniň gatnaşyjylary – sanly tranzaksiýa reýestriniň kadalaryna laýyklykda sanly tranzaksiýalary amala aşyrýan şahslar.
Maýning – kripto pul birliginiň döredilmegine gönükdirilen we kripto pul birligi görnüşinde pul hakyny almak niýetli walidasiýanyň döredilmegine gönükdirilen kärhana işi.
Kripto pul birligi – sanly transaksiýalar reýestriniň gatnaşyjylary tarapyndan bölünen we bu sanly tranzaksiýalar reýestriniň ýöredilişi barada bellenen kadalara laýyklykda döredilip nazara alynan, sanly maliýe aktiwynyň görnüşi.
Üpjün kripto pul birligi – emitentiň aktiwleri bilen üpjün edilen we emitentiň kabul edilmegine möhüm bolan, döwlet maşstabynda ýa-da hususy kripto pul birligi.
Üpjün däl kripto pul birligi – hakyky emitent aktiwleri bilen üpjün edilmedik kripto pul birlikleri, (meselem – Bitcoin [BTC] material aktiwler we borçlar bilen üpjün edilmedik, ilkinji we giň möçberde meşhurlyk gazanan kripto pul birlgi).
Token – maliýeleşdirmegiň ünsüni çekmek niýetli we sanly ýazgylaryň reýestrinde hasaba alynýan, ýuridik şahs we indiwidual kärhana eýesi tarapyndan (soňra-emitent) çykarylýan, sanly maliýe aktiwleriň görnüşi.
Maddy tokenler – belli bir material aktiwlere bolan hukugy tassyklaýan tokenler, (meselem – token DIGIXIGLOBAL PTE LTD [DGX], altyn bilen üpjün edilen, her bir token 1gramm altyna deň bolup we ol bilen çalşylyp biliner).
Lisenzion tokenler –programma üpjünçiliginden (meselem – token Bloquid [BQT], Bloquid programma önümleriniň girdejisiniň belli bir bölegini almak hukugyna wekilçilik edýär), aňly eýeçilik obýektiniň ulanylyşyndan gelýän girdejiniň belli bir bölegini almaga hukuk berýän tokenler.
Kreditly tokenler – tokeniň eýesi tarapyndan geljekde karzyň gaýtarylyşyny (ýa-da başga aktiwiň) talap etmek hukugynyň barlygyny tassyklaýan tokenler, (meselem – Kolionowyň ekoşertler taslamasyna gatnaşmaga hukugy berýän Kolion [KLN] tokenler, hem-de sanalýan önüm tokenleri görnüşinde (prosent) girdeji almaga hukuk berýän tokenler).
Korporatiw tokenler – kärhanada (ustaw kapital) ýa-da inwestision gaznasynda belli bir paý hukugyny tassyklaýan tokenler – korporatiw (inwestision) toneler (meselem – Satoshi fund fondynyň aktiwleriniň belli bir bölegine eýeçilik hukugyny dogrylaýan Spie tokenleri.
Üpjün däl tokenler – emitentiň hakyky aktiwleri bilen edilmedik tokenler we gymmatlygy bolan sanly obýektlere eýeçilik hukugyny tassyklaýan tokenler ( meselem – proýekt CryptoKitties, sanly pişikleri edinmäge mümkünçilik berýän taslama).
Akylly-şertnama (Smart-kontrakt) – elektron görnüşinde şertnama, borç we hukuklaryň sanly tranzaksiýalaryň awtomatiki tertibinde we bellenen sanly tranzaksiýalaryň reýestrinde berk bellenilen yzygiderlikde we belli şertleriň gelmegine görä ýerine ýetirilişi. Akylly şertnamanyň gatnaşyjylarynyň (taraplaryň) hukuklarynyň goragy şu tertipde amala aşyrylýar: elektron görnüşinde düzülen taraplaryň hukuklarynyň goragynyň bir meňzeş ýagdaýda durmuşa geçirilmegi.
Bank hyzmatlary üçin aýrylan deň hasap etmeklik işi – bir gezeklik deň hasaplama işlerini öz alýan we bir gezekden köp bolan maliýe hyzmatlaryndan peýdalanmak niýetli aýrylan (pozulan) deň hasaplama işleriniň, maliýe hyzmatlaryndan peýdalanmak ygtyýarynyň amala aşyrylýan raýat hukuk gatnaşyklaryň gatnaşyjylarynyň deň hasap etmek ulgamy.
Goşmaça hakykylyk (ing. augmented reality, AR —«giňişleýin hakykylyk») – 1. Gurşawyň we maglumat kabul edijiligiň gowylanmagyna goşant bermek üçin gurşaw barada kabul edijilik meýdanyndan islendik sensor maglumatlaryň girizilen netijeleri.
- Kabul edilýän garyşyk hakykylyk (ing. mixed reality), goşmaça kompýuter elementleriniň ulanylmagy bilen emele gelýän (hakyky obýektleriň kabul edijilik meýdanynda montirlenen ýagdaýynda).
Maýsa Begliýewa
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň
Kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň talyby.