TEHNOLOGIÝA

Tibet tekizliginde teleskop gurlar

Ýakyn wagtda Hytaýyň Tibet tekizliginde äpet, şol wagtyň özünde tehnologiýanyň iň täze gazananlaryna esaslanýan teleskop peýda bolar. Munuň üçin hünärmenler tekizlikdäki ýörite ýeri hem saýlap aldylar.

Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň Lenhu şäherinden uzak bolmadyk Saýşiteng (Saishiteng) dagynyň depesi munuň üçin ähli talaplary ödäp biljek ýer hasaplanylýar. Teleskopyň deňiz derejesinden 4200-den 4500 metr beýiklikde ýerleşdirilmegi mümkin.

Hytaýly alymlara täze teleskopy gurmak üçin amatly ýeri gözlemek ýeňil düşmedi. Munuň üçin olar üç ýyllap iş edindiler.

Hytaý özünde şeýle teleskopyň bolmagyny isleýändigini bireýýäm yglan edipdi. Teleskopyň dünýäde iň uly — 30 metre barabar aperturasy (optiki enjamyň ýagtylygy ýygnap we şekiliň detallarynyň bulaşyk bolmagyna garşy durup bilýän häsiýeti) bolar.

«Microsoft» iş gatnaşyklary üçin täze hyzmat hödürleýär

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar