ATAWATAN ESERLERİ

Sanly ulgamda agdyklyk edýän ýedi tendensiýa

Häzirki döwürde adamlaryň özara gatnaşygynda, halka esasy hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýän işewürlik pudagynda tehnologiýanyň barha artýan orny ählimize aýan bolsa gerek. Tehnologiýanyň yzygiderli kämilleşmegi bilen elektron söwdanyň görnetin ösmegi, önümçilik prosesleriniň täze bir tapgyra geçmegi raýatlaryň zähmet çekmek, söwda etmek hem-de haryt almak usulyna ýiti täsirini ýetirýär. Bu sanly migrasiýa gündelik durmuşyň köp ugurlarynda sanly tehnologiýalara geçýänleriň sanynyň artmagyna şert döredýär. Häzirki wagtda tehnologiýa jemgyýetçilik hyzmatynyň ýola goýulşynyň ynamdar tejribesini hödürläp, maglumatlary gaýtadan işlemek, aragatnaşyk saklamak, ähli ugurlarda netijeliligi ýokarlandyrmak üçin täzeliklere itergi berýär.  Geliň, sanly ekoulgamda agdyklyk edýän ýedi sany esasy tendensiýanyň üstünde durup geçeliň.

  1. Maglumatlary ýerlikli dolandyrmak

Sanly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin maglumatlara esaslanýan medeniýeti kemala getirmek möhümdir. Sebäbi sanly özgertmeler diňe tehnologiýalar bilen çäklenmeýär. Munuň özi döwrebap kararlaryň kabul edilmegidir.

  1. Derňew esasynda netije çykarmak

Soňky ýyllarda maglumatlaryň göwrüminde we çylşyrymlylygynda görlüp-eşidilmedik ösüş gazanyldy. Şol bir wagtyň özünde strategiki netije çykarmak üçin dürli çeşmelerden maglumatlara zeruryýet hem barha artmak bilen. Bilimlere esaslanýan ykdysadyýetde bu bäsdeşlik artykmaçlygyny gazanmak üçin wajypdyr. Ösüş gazanmak haýsy hem bolsa bir guramanyň işewürlik duýgusyna ýa-da öň toplan tejribesine däl-de, eýsem çuň düşünişmek esasynda belli bir karara gelmek ukybyna örän baglydyr.

  1. Müşderiniň tejribesine ýaňadan göz aýlamak

Müşderiniň islegini has içgin öwrenmek, onuň islegini ýokary derejede kanagatlandyrmak maksady bilen sanly ulgamyň çäginde “müşderi syýahaty” ady bilen müşderiniň her bir äden ädimi hasaba alynsa döwrüň talabyna laýyk bolardy. Munuň özi köpçülige açyk maglumat ammary döredilen ýagdaýynda mümkindir.

  1. Operasion netijelilik

Ähli sanly başlangyçlaryň döwrebap ornaşdyrylmagyny gazanmagyň esasy sebäpleriniň biri guramanyň iş ýörediş usulyny üýtgetmek bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda sanlylaşdyrmagy üstünlikli amala aşyrmaklyk üçin maglumatlara esaslanýan netijeliligi ýokarlandyrmak hem-de sanly hereketleri kämilleşdirmek gerek.

  1. Hyzmatdaşlyk medeniýeti

Sanly medeniýetiň öňe sürülmegi köpçüligi täzelikleriň gözlegine ruhlandyryp biler.  Munda esasan köpçüligiň sanly başlangyçlardan we guramanyň esasy gymmatlyklaryndan habarly bolmagy möhüm.

  1. Omnikanal sazlaşyklylyk

Omnikanal sazlaşyklylyk ähli pudaklarda sanly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şertidir. Netijeli we köpugurly maksatnamalary bolan guramalar, kärhanalar web, ykjam, sosial media, bazarlar hem-de programmalar arkaly müşderileriň gatnaşygyny aňsatlyk bilen öwrenip bilýärler.

  1. Integrasiýa we dolandyryş

Gowy integrirlenen we dolandyrylýan guramaçylyk ulgamlary bilen guramalar, kärhanalar müşderileriň isleglerini öwrenip, awtomatlaşdyryp, öndürijiligi ýokarlandyryp we çydamlylygy üpjün edip bilerler.

 

Merjen Kakabaýewa, 

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň

“Zähmet” geňeşliginiň ýaşaýjysy 

Jemgyýetçilik kabul edişligi

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri