Ýewropanyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky duşuşykda Angliýanyň “Çelsi” topary bilen Ispaniýanyň “Wilýareral” toparlary duşuşdy. Irlandiýanyň Belfast şäherinde oýnalan duşuşykda, esasy wagty 1:1 deňme-deň gutaryp, 11 metrlik jerime urgularynda ýeňiş gazanan “Çelsi” topary boldy.
Umuman, Ýewropanyň Superkubogyny gazanmak ugurndaky duşuşykda geçen möwsüm Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi bilen UEFA Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi duşuşýar. Çempionlar Ligasyny “Çelsi” topary, UEFa Ýewropa Ligasyny bolsa, “Wilýereral” topary gazanypdy.
Superkubok duşuşygynda “Çelsi” topary 27-nji minutda Hakim zieşiň goly bilen öňe çykdy, ýöne 73-nji minutda Žerar Morenonyň goly bilen “Wilýareal” hasaby deňledi.
“Çelsi” topary duşuşygyň ykbalyny 11 metrlik jerime urgularynyň çözjekdigine ynanyp, soňky minutlarda derwezebanlaryny çalyşdy. Oýna giren Kepa Arrisabalaga 2 sany jerime urguny saklap, “Çelsiniň” Superkubogy gazanmagyna mümkinçilik döretdi.
Şeýlelikde, “Çelsi” topary taryhynda 2-nji gezek Superkubogy eýeledi. Soňky gezek bu topary 1998-nji ýylda eýeläpdi.
“Çelsi” toparynyň tälimçisi Tomas Tuhel Çempionlar ligasyny we Superkubogy gazanan bu toparyň ilkinji tälimçisi boldy. Tuhel 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri bu topara tälim berip gelýär. Ol gysga döwürde topar bilen uly üstünlikler gazandy.
