DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi wezipesine girişdi

Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Ebrahim Raisi resmi taýdan wezipesine girişdi. Şu gün Eýranyň milli parlamentiniň binasynda täze saýlanan Prezident Ebrahim Raisiniň wezipesine girişmek dabarasy geçirildi.

Bu dabara Türkmenistandan hem wekiliýet gatnaşdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bu dabara gatnaşdy. Bu barada Eýranyň metbugaty habar berýär.

Eýranyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Aşraf Gani, Yragyň Prezidenti Barham Salih bieln bir hatarda 80-e golaý ýurtdan parlament ýolbaşçylary, ministrler we dürli derejedäki wekiliýetler gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, bir gün öň täze saýlanan Prezident Ebrahim Raisi Eýranyň dini Lideri tarapyndan hem tassyklanypdy.

Ebrahim Raisi Eýranyş Meşhed şäherinde dünýä inýär. Ol ýuridiki ylymlary boýunça bilim alýar. Eýranyň prokuratura edaralarynda köp ýyllaryň dowamynda zähmet çekýär. Ýurduň baş prokurory wezipesini hem amala aşyrýar.

Raisi 2017-nji ýylda hem prezident saýlawlaryna gatnaşypdy. Ýöne şonda Hasan Ruhaniden yza galypdy. Ol 2019-njy ýylda ýurduň Ýokary kazyýetiniň ýolbaşçysy wezipesine bellenýär.

Şeýlelikde ol 2021-nji ýylda ikinji gezek prezident saýlawlaryna gatnaşmaga hukuk gazanýar.  Bu saýlawlarda hem ýeňiş gazanyp, Eýranyň täze Prezidenti boldy.

 

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy deňiz portuny aýlanyp gördi

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar