SPORT

Wişwanatan Anand Özbegistanda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Küşt boýunça dünýä çempiony Wişwanatan Anand «Zakovat-Gambit» küşt ýaryşyna gatnaşar. Anand ýaryşa gatnaşmak isleýänleri hasaba alynmaga çagyrdy. Ol: «Tiz arada  Daşkentde uly küşt ýaryşy ― «Zakovat-Gambit» bolup geçer. Sizem sanawdan geçiň we gatnaşyň. Bu küşt oýnamak üçin ajaýyp pursat bolar. Duşuşygymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» diýip, güýçli kärdeşlerine seslendi.

10 ― 15-nji awgust günleri  Daşkentde geçiriljek «Zakovat-Gambit» küşt çempionatynyň baýrak gaznasy 610 million somdan ybaratdyr. Daşkentdäki çempionatda olar diňe bir myhman bolman, gatnaşyjylar bilen küşt oýnap, ussatlyk sapaklaryny geçirerler.

Tokio-2020: kubaly türgen 4-nji gezek Olimpiýa çempiony

 

Ýene-de okaň

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi