SÖHBETDEŞLIK

Sahnaň ýaş we parlak ýyldyzy

Ýaşlygyna garamazdan halk arasynda meşhur bolan artistler biziň ýurdumyzda näçe diýseň bar. Şolaryň biri hem Alp Arslan adyndaky milli sazly drama teatrynda zähmet çekýän artist Şeýda GURBANOWA. Biz hem «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin  Şeýdanyň artistlik ussatlygyny gürleşmek üçin söhbetdeşlik etmegi ondan haýyş etdik. Şol geçiren söhbetdeşligimizi size ýetirmegi makul bildik.

Söhbetdeşligimiziň başyny teatra gelşiňiz bilen başlaýsak…

Men 2013-nji ýylda orta mekdebi tamamladym. Şol ýyl hem Türkmen döwlet medeniýet institutyna alypbaryjylyk ugrundan okuwa girmäge synanyşdym. Ýöne ondan ýykyldym. Soňra maňa Alp Arslan adyndaky milli sazly drama teatrynda 10 aýlyk okuwlaryň bardygyny, ilki şoňa gitmegimi aýtdylar. Şondan soň şol okuwlara gatnadym. Okuwlary Mollanepes adyndaky Talyplar teatryndaky studiýada okadym. 10 aýlyk okuwlary tamamlap, ýene Türkmen döwlet medeniýet institutyna okuwa girmäge synanyşdym. Emma ýene okuwa girmek başartmady. Ýöne 2014-nji ýylda Alp Arslan milli sazly drama teatryna işe geldim. Bu ýere işe gelenimden režissýor meni baş rolda goýdy. Şeýdip men bu ýerde zähmet ýoluma başladym. Onsoň 2015-nji ýylda 3-nji gezek şol instituta okuwa girmäge synanyşdym. 3-nji gezek synanyşamda maňa talyp bolmak bagty miýesser etdi.

Men ozaldanam artist bolmagy halaýaryn. Täze ýylda teleýaýlymda goýulýan kinolary görüp, artist bolmaga höweslendim. Mundan daşary men tans etmegi hem gowy görýän. Tansa bolan söýgim sebäpli orta mekdebi okaýan döwürlerimde tansa hem gatnadym. Umuman aýdanymda, men medeniýet ulgamyny ýaşlykdan haladym. Kakam hem sazanda bolansoň, kiçiligimden aýdym-sazyň içinde ulalamsoň medeniýet meniň ýüregimde özbaşdak ýer eýeledi.

Siz işe başlanyňyzdan sizi baş rolda goýmaklary sizde kynçylyk döretmedimi?

Elbetde, kynçylyk döretdi. Ýöne režissýoryň, halypalaryň maňa kömek etmekleri baş roly göwnejaý ýerine ýetirmegime uly ýardam etdi. Ýöne ilkibaşda maňa ynanylan baş roluň düýp manysyna birnäçe ýyldan soň, okuwa girenimden soň düşündim. Men şonda şeýle edäýsem boljak eken diýip biraz ökünenim hem boldy.

-Teatrda ilkinji janlandyran keşpleriňiz hakda durup geçäýseňiz…

Ilkinji oýnan keşbim “Täze maşgala” atly spektaklda baş roldaky Tumaryň keşbi boldy. Tumar örän sada gyz we goňşy oglany gowy görýär. Ýöne, ol goňşulary bilen tersleşýär. Bularyň nesilden-nesle geçip gelýän tumarlary bar eken. Şol tumary goňşulary satyn alýar. Umuman, bular tumaryň üstünde tersleşýärler. Onsoň oýnuň soňunda Tumaryň halaýan ýigidi tumary hak eýesine gowşurýar. Onsoň bular ýaraşyp, durmuş gurýarlar we täze maşgala bolýarlar.

-Häzirki wagta çenli näçe keşbi janlandyrdyňyz?

Ilkibaşda Alp Arslan adyndaky milli sazly drama teatryna işe gelenimde “Täze maşgala” atly spektaklda Tumaryň, “Bir bakyşda söýen ýarym” spektaklynda Humaýyň, William Şekspiriň “Korol Lir” atly eserine goýlan adybir spektaklda Kardeliýanyň, hormatly Prezidentimiziň “Arşyň nepisligi” atly kitabynyň esasynda goýlan spektaklda How enäniň, “Hak aşyklar” atly spektaklda Eýjejigiň, Çingiz Aýtmatowyň “Elwan ýaglykly serwim” atly kitaby esasynda goýlan adybir spektaklda Heseliň, Bilbil Mämmedowyň “Gündogar ýyldyzy” spektaklynda Züleýhanyň, Urmatkan Meläýewiň “Habyl we Kabyl” oýnunda Yklymanyň, “Ýüpek rowaýaty” spektaklynda Gülbibiniň, “Kämillige ýol açan döwür” atly sahna eserinde Laçynyň, “Leýli we Mejnun” oýnunda-da Leýliniň  keşplerini janlandyrdym.

-Daşary ýurtly ýazyjylaryň ýazan eserlerine goýlan sahna eserlerinde janlandyran keşpleriňiz sizde nähili täsir galdyrdy?

Daşary ýurt eseri bolan “Korol Lir”, ol türkmen däl-dä, şonuň üçin onda oýnajak keşbimi doly we içgin öwrendim. Ony öwrenmegimde halypa mugallymlar maňa ýakyndan kömek berdiler. Ýöne, şol oýunda janlandyran keşbim örän sada bolansoň, ol keşbi janlandyrmakda kän kynçylyk çekmedim. Çünki, şol gyzyň häsiýeti meniň häsiýetime ýakyn. Oýnuň sazlaram, eşiklerem türkmeniňkä meňzemänsoň, biraz ýadyrgaýarsyň. Bu oýun daşary ýurt eseri bolsa-da, ondaky wakalr adamlaryň durmuşynda bolýan zatlar. Elbetde, medeniýetler aýry ýöne, oýundaky adamlaryň häsiýetleri meňzeş.

-Sahna çykjak wagtyňyz, tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmeli wagtyňyz nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

Men sahna çykmankam, edil şol oýny birnäçe gezek oýnan bolsamam ony ilkinji gezek oýnaýan ýaly örän tolgunýaryn, saňňyldaýaryn. Sebäbi, şol oýny talabalaýyk ýerine ýetirmekligi alada edýärin. Çünki, her gezek sahna çykanymda özümde uly jogapkärçilik duýýaryn.

-Janlandyran keşpleriňiziň içinden özüňize görelde alanlaryňyz boldumy?

“Gündogar ýyldyzy” spektaklynda Züleýhanyň keşbini janlandyranymda şony özüme görelde edinip, şonuň ýaly bolmazlygy isledim. Sebäbi, ol keşp ýowuz, doň ýürek, ar alyjy, umuman, otrisatel keşp. Ýöne, ýüregime iň ýakyn bolan keşplerim “Täze maşgala” spektaklyndaky Tumaryň keşbi, “Bir bakyşda söýen ýarym” spektaklyndaky Humaýyň keşbi, “Hak aşyklar” oýnundaky Eýjejigiň keşbi, “Arşyň nepisligi” atly spektakldaky How enäniň keşbi, “Elwan ýaglykly serwim” oýnunda Heseliň keşbi boldy. Men, umuman, položitel keşpleri özüme ýakyn hasaplaýaryn.

-Siz onda teatryň komediýa ugruny halaýarsyňyz-da?

Ýok, diňe komediýany däl, dramany hem halaýaryn. Sebäbi, institutda okaýan döwrümde drama keşplerini köp janlandyrdym. Işde-de komediýada hem, dramada hem janlandyran keşplerimem boldy. Umuman, dramany hem gowy görýärin. Ýöne, komediýany oýnamak kyn. Aslynda, drama garanyňda komediýa müşgil. Sebäbi, komediýada adamlary güldürmeli bolýar. Tomaşaçylary güldürmek üçinem professional bolmaly. Institutda okaýan döwürlerimde tragediýada hem oýnadym. Tragediýa hem kyn, emma komediýa ondanam kyn.

-Teatryň siziň durmuşyňyzda nähili orny bar?

Teatr meniň arzuwlarym, fantaziýalarym. Umuman, teatr meniň ömrüm, söýgim, hyýalym.

-Şu ýerde “sahna ahlagy” barada hem durup geçäýseňiz…

Sahnaň hem öz medeniýeti bar. Onda hapa sözler aýdylmaly däl, sahna medeniýetine laýyk sözlemeli. Sebäbi, oýny görmäge gelen tomaşaçy oýundan lezzet almaly, oýun onda ýigrenç duýgusyny döretmeli däl. Sahna ähli zat owadan edilip görkezilmeli.

-Teatrda oýnamak aňsatmy ýa-da kinoda?

Kinoda. Sebäbi, kinoda ýalňyşsaň, ony düzedip bolýar. Oýny täzeden ýazyp bolýar. Teatrda bolsa, sende beýle mümkinçilik bolmaýar. Çünki sen eýýäm tomaşaçynyň öňüne çykdyň. Sen indi keşbiňi iň gowy edip ýerine ýetiräýmeli. Şonuň üçin teatrda oýun oýnamak kyn.

-Halkyň arasyna çykanyňyzda sizi tanap, siziň bilen gyzyklanyp ýanyňyza gelenlerinde nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

Men muňa örän begenýärin. Ýöne, şol bir wagtda utanýanam. Bu birhili üýtgeşik duýgy. Çünki halk seni tanap, seni hormatlap, seni gowy görüp gelýär, seniň muşdaklaryň bar. Elbetde, muňa her artist hem begenýär. Çünki biz tomaşaçylara, halka hyzmat edýäris. Oýny görýän tomaşaçylar el çarpyşsalaram bizi begendirýär.

-Siz kimleri özüňize görelde, halypa hasaplaýarsyňyz?

Men Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda zähmet çekýän artistler Dilşat Meläýewany we Şemşat Kasymowany özüme görelde, halypa hasaplaýaryn. Çünki olar artistlikde ussat adamlar. Olaryň janlandyran keşplerini görüp, menem şolar ýaly keşpde oýnamagy arzuw edýärin. Umuman, şolaryň oýnaýan keşplerine göwnüm ýetýär.

-Söhbetdeşligimizi ýürek buýsançlaryňyz, arzuw-islegleriňiz bilen jemläýsek

Ilkinji nobatda, bize şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiz bize işlemek üçin, döretmek üçin uly mümkinçilikler döredip berýär, ýurdumyzda her ýyl medeniýet hepdeligi geçirilýär, onda özüňi görkezmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň, buýsanjymyzyň çägi ýok. Goý, milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Pursatdan peýdalanyp, ähli kärdeşlerimi, halypalarymy hünär baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size hem okuwyňyzda we hünäriňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

-Bizem size artistlik ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýäris. Eden ýagşy arzuw-umytlaryňyz hem amala aşsyn. Bize wagt aýryp, beren söhbetdeşligiňiz üçinem köp sag boluň. Hünär baýramyňyzam gutly bolsun! Kesbiňizden kemal tapyň!

 

Söhbetdeşligi geçiren: Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Prefiksler we Suffiksler : Makul Sözlük hödürleýär!

 

26-njy iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

       

 

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda