BIZNES

Özbegistan türkmen gazyny alýar

Özbegistan Türkmenistanyň tebigy gazyny Russiýanyň üsti bilen alýar. Bu barada “Interfaks” habarlar gullugy Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň hasabyndaky maglumatlara esaslanyp habar berýär.

“orient.tm” neşirinde hem berlen habara görä,  2020-nji ýylda Özbegistan rus kompaniýasynyň üsti bilen türkmen “mawy altynynyň” 0,9 milliard kubmetrini satyn aldy. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 1,5 milliard kubmetre deň boldy.

Mundan ozal, Özbegistanyň özi Russiýa tebigy gazyny satýardy. 2018-nji ýylda Özbegistan “Gazprom” kompaniýasyna 3,8 milliard kubmetr, 2019-njy ýylda 4,9 milliard kubmetr tebigy gaz satypdy.

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Özbegistan Hytaýa 0,54 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi.

“Gazprom eksport” kompaniýasynyň baş direktory Ýelena Burmistrowa Özbegistanyň tebigy gazy eksport etmekden import etmäge öwrülmegini ýurtdaky ýokary depgindäki senagatlaşma bilen baglanyşdyrýar. Şeýle hem Özbegistanda “mawy ýangyja” bolan içerki isleg hem artýar.

 

Türkmenistan Russiýa tebigy gaz eksportuny ýokarlandyrdy

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler