BIZNES

Türkmenistan Russiýa tebigy gaz eksportuny ýokarlandyrdy

Türkmenistan Russiýa tebigy gaz eksportuny ýokarlandyrdy. “orient.tm” neşiriniň Russiýanyň “Interfaks” habarlar gullugyna salgylanan habaryna görä, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy türkmen tebigy gazynyň satyn alynmagynyň möçberini 2,2 milliard kubmetre çenli artdyrdy. Geçen ýylyň degişli döwründe, bu görkeziji 1,3 milliard kubmetre deň bolupdy.

Bu barada “Gazprom” kompaniýasynyň hasabynda bellenilip geçilipdir. 2020-nji ýylda rus kompaniýasy Türkmenistandan 4,7 milliard kubmetr tebigy gaz satyn alypdy.

“Gazprom” kompaniýasy 2019-njy ýylyň aprel aýynda türkmen gazyny satyn almagy täzeden ýola goýupdy. Şol döwürde 15-nji aprel-30-njy iýun aralygynda 1,2 milliard kubmetre gaz iberilipdi.

2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda “Gazprom” kompaniýasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen türkmen gazyny satyn almak babatda 5 ýyllyk möhlet bilen şertnama baglaşypdy.

 

Bäsleşik: ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak

Related posts

Balkan welaýatyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalar

Ata Watan Eserleri

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň ulag toplumy halkara güwänamalara mynasyp boldy