SIZDEN GELENLER

3D paýhasly haly

Türkmenistanyň Halk suratkeşi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň 2 gezek ýeňijisi, “Galkynyş” ordeniniň, “Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy” we “Bitaraplygyň 20 ýyllygy” medallarynyň eýesi, hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewlerniň şekilini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça” yglan eden bäsleşiginiň yzygiderli 10 gezek ýeňijisi, meşhur haly suratkeşi ADA GUTLYÝEW bilen söhbetdeşlik.

3D PAÝHASLY HALY

Ada aga, siz 2011-njy ýyldan bäri her ýyl yglan edilip gelinýän bäsleşigiň 10 gezek yzygiderli ýeňijisi bolduňyz. Şeýle üstünlik türkmen medeniýet we sungat işgärleriniň içinde diňe size miýesser eden bagtdyr. Ozaly bilen şu ýyl bu bäsleşige hödürlän üýtgeşik keşpli haly eseriňiziň aýratynlyklary dogrusynda gürrüň beräýseňiz?

– Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgama geçmek hakdaky talabyna jogap edip, sanly ölçegde “3d PAÝHASLY HALY” eseri döredildi. Bu keşpli haly eserine daşdan seretseňiz türkmeniň al-ýaşyl öwsüp oturan gülli meýdanyny görersiňiz. Has golaýdan baksaňyz, bu keşpleriň güller däl-de, eýsem süri-süri bedew atlardygyna gözüňiz düşer we name üçin Türkmenistana “Bedewleriň mekany” diýilýändigine magat göz ýetirersiňiz. Eserdäki ak, sary, al, ýaşyl, gök we gara atlaryň reňklerinden hem dürli manylary çykarmak mümkindir.

Bu keşpli haly türkmeniň nagyşly halylaryna mahsus kölegesiz, arassa dekoratiw reňkler bilen, panno usulynda ýerine ýetirilen innowasion şekilli haly eseridir. Eger halynyň golaýynda durup, bir eliňi öňe uzadyp, iki gözüňi hem açyp, başam barmagyňyzyň dyrnagyna ünsli seretseňiz, halynyň içinden uly at öňe çykyp, howada, haly bilen siziň araňyzda peýda bolar. Siz nirä hereket etseňiz, onuň hem siz bilen bile hereket edýändigini görersiňiz. Ýöne bu hakaýyl keşbi adamlaryň diňe 98 göterimi görmäne ukyplydyr.

        –  Siziň,  halyňyzy synlap onda öňe çykyp duran owadan bedewi görmegi başaran birnäçe döredijilik we ylym adamlary bu täsin eseriň äňyrsynda diňe bir 3d-ligiň däl-de, eýsem üýtgeşik pelsepäniň ýatandygyny hem nygtap aýtýarlar. Bu, hakykatdan hem,  şeýlemi?

– Hawa, 3d-Paýhasly halymyza “Dünýä ahyryna çenli göz ýetirmek mümkin däldir! Her görýän we eşitýän zadyňyzyň aňyrsynda ýene bir zatlar bardyr!” diýen pelsepeli many mahsusdyr. Dünýä doly göz ýetirmekçi bolan parasatly, beýik-beýik şahsyýetleriň pikirlerine salgylanasymyz gelýär. Gudraty güýçli Mäne baba bir şäherden başga bir şähere şol pursatda geçip bilýän eken. Ol çaý içip oturan käsesinden elini aýyrandada käse ýere gaçman howada durýan eken. Şol akyldar hem:  – “Dünýe düşünerden has çökder eken”- diýipdir. Akyldar şahyr atamyz Magtymguly Pyragy:

– “Jebrut äleminde Jelul syryna-

Gelip, özüň garap görgül” diýdiler.

– Näge hyýal etsem, ele getirdim,

Kaýda baksam, oňa nazar ýetirdim,

– diýip, o dünýe, bu dünýe ähli zada nazarynyň ýetendigi hakda aýdanam bolsa, soň bir şygrynda:

Ne ýetdir, ne tutdyr, bu gahba dünýe,

Tutdum-tutdum diýseň gaçyp baradyr.

– diýip, bu dünýäň yzyndan ýetip bolmajagyny aýtýar. Her döwürde-de adam öz mümkinçiligine göra, belli bir çäkde dünýä akyl ýetirýär. Bu zatlar Eýnşteýniň otnositellik nazarýetine gabat gelýär. Döwür üýtgeýär, adamyň mümkinçiligem, dünýä garaýyşam otnositellikde artýar.  Täze-täze gözýetimler açylýar. Täze döwürler, täze eýýamlar başlanýar. Täze ugruň, täze döwrüň başlangyjy taryhdan belli bolşy ýaly, sungatyň üsti bilen aňladylýar, sungat ýollary bilen salgy berilýär. Munuň özi hasam türkmeniň durmuşyna mahsusdyr. Türkmeniň öz taryhynam, öz gündelik durmuşynam gyzyldan gymmatly gyzyl halylary bilen baglanyşdyrýandygyny Hormatly Prezidentimiziň “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplaryndan hem görmek bolýar. Türkmeniň sungatam dünýä sungatynyň aýrylmaz bir bölegidir. Dünýä medeniýetinde we sungatynda bolup geçýän özgerişler türkmen medeniýetine we sungatyna öz täsirini ýetirýär. Şol bir wagtda-da türkmen medeniýetindäki we sungatyndaky ösüş-özgerişleriň dünýä medeniýetine we sungatyna öz täsirini ýetirýändigi şübhesizdir.

  • Siz täze döwürleriň, eýýamlaryň başlanmagyna dünýä sungatynyň, şol sanda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň täsiriniň hem ululygy hakynda aýdýarsyňyz. Bu babatda has giňişleýin, has aýdyňrak gürrüň beräýseňiz?
  • Ynha bu ugurda bir sungat eseriniň dünýä arhitekturasyna, medeniýetine we sungatyna täsirini ýetirişi hakda aýdaýyn. 1915-nji ýylda polýak suratkeşi Kazimir Malewiç dünýä sungatyna täze bir ýoly, täze ugry salgy beren “Suprematik gara kwadrat (dürtburçluk)” atly eserini döretdi. Bu eseriň güýji nämede? Elbetde, onuň ideýasynda, onuň manysynda, onuň täzeçillik, innowasion  pikirinde, bir söz bilen aýtsak, onuň sungatyndadyr. Onuň dünýä medeniýetini we sungatyny özgertmekdäki düýpli täsirindedir. Şol eser döremänkä, dünýä arhitekturasyna seretseňem, otaglaryň içki bezegine seretseňem, mebellere seretseňem, kyn, aýlaw-aýlaw, güberçek göwrümleri görmek bolýar.

20-nji asyryň başynda uly täzeçillik sungatynyň täsirinde mimarçylygam, dizaýnerçilik sungatam-mebellerem, egin-eşiklerem, şekillendiriş sungatam düýpgöter üýtgedi. Binalarda düz diwarlar, göniburçly gapylar we penjireler ulanylyp başlanyldy. Mebellere hem tekiz, düz göwrümler mahsus boldy. Egin-eşik babatdada ýönekeý, tekiz, düz görnüşler owadan hem ýaramly diýilip hasaplanyldy. Diýmek, “Gara dörtburçlukdan” soň sungatyň täze tagamy döredi. Mysal üçin aýtsak, elinizdaki dörtburç gara el telefonlaryňyzy 150, 200 ýyl mundan öň ýasan bolsalar,  nähili ýasardylar? Elbet-de, daşyny aýlaw-aýlaw edip, güberçek nagyşlar bilen bezäp ýasardylar. Emma şu günki göz bilen seretseň, arassa, düz, dörtburç, bir reňkdäki el telefonlarymyz iň owadan we kämil dizaýner eseri bolup görünýär. Ýöne şu gün şeýle bolup görünýär. Erteki gün nahili arhitekturany, nähili sungat eserlerini iň naýbaşy eserler diýip kabul ederis? Medeniýet we sungat bizi nirä alyp gider? Ine, “3d paýhasly haly” eserimizde şu soragyň jogaby hödürlenilýär.

  • Siz ýaňy bu 3d görnüşli halynyň pelsepeli ruhy barada gyzykly, täsin düşündiriş berdiňiz. Häzir bolsa, ine, bu täsin hala “3d paýhasly haly” diýip, özüne çekiji at berýäniňizi hem eşidip otyryn. Eýsem, bu ady goýmagyňyzyň sebäpleri barada näme aýdyp bilersiňiz?
  • Elbetde, geljegiň medeniýeti we sungaty paýhasly medeniýet we paýhasly sungat bolar, paýhasly arhitektura bolar. Munuň hut şeýle boljakdygyna Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy ýakynda düýbüni tutan Aşgabat siti şäheriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. 25, 35 gatly beýik binalardan ybarat boljak bu şäheriň paýhasly şäher boljakdygyny Gahryman Arkadagymyzyň hut özi aýdypdy. Şu günki biziň bilýän we haýran galýan akylly öýlerimiziň hem geljekde has başga-başga görnüşlere eýe boljakdygyny inkär edip bolmaz. Şeýle jaýlar dörär, agşam 5-nji gatdaky, penjiresi günbatara bakyp duran otagda ýatanam bolsaňyz, belki, ertir irden penjireleri göndogara bakyp duran 35-nji gatda ukudan oýanarsyňyz! Arkamyzda Gahryman Arkadagymyz barka, Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory Hormatly Prezidentimiz öňümize düşüp, şamçyrag ýaly, medeniýet we sungat ýollaryny görkezýärkä bu hut şeýlede bolar. Sungatyň çägi ýokdyr, dünýä doly göz ýetirmek mümkin däldir diýdigimiz, öňde ýene ýetilmeli menzilleriň we mümkinçilikleriň kändigini nygtadygymyzdyr. “3d Paýhasly haly” eserimizde-de  hut şu pelsepe öňe sürülýär.

Ada Aşyrgeldiýewiç, pursatdan peýdalanyp, Sizi, ýetip gelýän Medeniýet we sungat işgärleriniň, hem-de  Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Söhbetdeş bolup, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin.

                                                    Söhbetdeş bolan: Gunça HAMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary

 institutynyň Halkara žurnalistikasy

fakultetiniň I talyby.

Halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi kämilleşdiriler

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi