SPORT

Çempionlar ligasy:Stambul şäheri maksadyna ýetdi

2023-nji ýylda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finaly Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler. Bu barada UEFA degişli çözgüt kabul etdi.

2 ýyldan bäri Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýän UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finaly koronawirus epidemiýasy sebäpli geçirilip bilinmedi. Final duşuşygy geçen möwsüm Lissabonda we bu möwsüm bolsa, Portoda geçirildi.

Gysga wagtyň içinde Stambulda jemleýji duşuşyklary guramak barada pikire gelen UEFA 2023-nji ýyldaky finaly Stambulda geçirmek kararyna geldi.

9-njy iýulda geçiriljek UEFA ýerine ýetiriji geňeşiniň ýygnagyndan soň, 2023-nji ýylda Çempionlar ligasynyň finalynyň Atatürk Olimpiýa stadionynda oýnaljakdygy resmi taýdan yglan ediler.

Mundan başga-da, 2021-2022-nji we 2022-2023-nji möwsümleri boýunça Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň duşuşyklarynyň bijeleriniň çekiliş dabarasy hem Stambulda geçirmek meýilleşdirýär.

 

3-nji iýunda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Related posts

2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finaly Madridde geçiriler

UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji ýygyndy

Ata Watan Eserleri