SPORT

Ançelotta «Realyň» ozalky futbolçysy ýardam berer  

Ispaniýanyň «Real» futbol toparyna täze möwsümde italiýaly meşhur tälimçi Karlo Ançelottiniň tälim berjekdigini habar beripdik. Dünýä metbugatynda berilýän habarlarda Ançelottiniň kömekçileri barada hem maglumat berildi.

Olarda ýazylyşyna görä, «Realyň» ozalky futbolçysy Alwaro Arbeloa baş tälimçiniň esasy kömekçileriniň biri bolar.

«Marca»-nyň habar berşine görä, 38 ýaşly hünärmen mundan «Realyň» 14 ýaşa çenli ýetginjekler toparyna tälim beripdi. Hatda ol bu topar bilen Ispaniýanyň çempiony hem boldy.

 

“Kopa Amerika” Braziliýada geçiriler

 

 

Ýene-de okaň

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri