JEMGYÝET

Ertir – köpçülikleýin welosiped ýörişi geçiriler

Ertir, ýagny 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda köpçülikleýin welosiped ýörişi geçiriler. Bu barada “orient.tm” internet neşiri habar berýär.

3-nji iýunda irden sagat 07:00-da Aşgabatda köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çärä 1 müň 200 adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda paýtagtyň käbir köçeleri birnäçe sagatlap ýapyk bolar.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleiýn welosiped ýörişi Atatürk köçesinden başlap, Çandybil we Bitaraplyk şaýollaryndna geçip, Magtymguly şaýolunda tamamlanýar. 11 kilometrlik welosiped ýörişi “Ak şäherim Aşgabat” binasynda tamamlanýar.

Şäheriň galan ýerlerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendirilmeýär.

 

Pyýadalara jübi telefonlaryny ulanmak gadagan

Related posts

Tamaş Şuýok: Türkmenistan Wengriýa üçin Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş

Andrea Meza ― dünýä gözeli

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy